Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Kerim Gurbannepesow 1929-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Gökdepe etrabynyň 1-nji Gökdepe obasynda dünýä indi. 1988-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda aradan çykdy.

Şahyr Kerim Gurbannepesowyň her bir belligi, diýýän sözi ýaşlar üçin aýratyn sapakdy.

Gözi bilen redaktor

Eser ýazylanda, ýazyjyny alada goýýan zat oňa mynasyp at tapmak. Jaýdar sözbaşy eseriň üstünliginiň girewi.

Bu ugurda ýazyjylar şahyrlara garanda kütegräk bolýarlar. Sebäbi şahyrda san taýdan eser köp, ol esere at dakmak meselesi bilen mydama ýüzbe-ýüz bolýar hem kämilleşýär.

Ikinji bir kynçylyk, birnäçe eseri bir kitapda jemlemek. Men “Çölde galan oglanjyk” atly çagalara niýetlän kiçijik kitapçama on hekaýa ýerleşdirdim. Şol sözbaşylaryny görüp otyrkam, K. Gurbannepesow gapdalyma gelip, keseden seredip durdy-da:

– Ine, şularyň ýerlerini üýtget – diýip, barmagy bilen görkezdi. – Bu sözbaşylaryňy görýäňmi: “Aýnanyň gurjagy”, “Kakamyň gujagy”, “Gözeliň kökesi”, “Babamyň köwşi”… Ählisi eýelik düşümi arkaly ýasalan birmeňzeş sözbaşylar. Beýle meňzeşlik seniň garyplygyňy görkezýär. Sözbaşylaryň gurluşy dürli-dürli bolsun.

Şeýle jaýdar belligi Kerim Gurbannepesden başga kim öwredip biler? Muny diňe şahyr hem redaktor görüp biljekdi. Ol sözbaşynyň özüne çekiji bolmalydygyny aýratyn belleýärdi hem eser gurak bolmazlygy üçin, nähilidir bir tär tapýardy.

Bir gezek belli alym ýatlama getirdi. Kerim Gurbannepesow oňa seredip, bir kagyzyň ýüzündäki täze sözlemleriň başlanýan ýerini görkezdi.

– “Ol”, “Ol”, “Ol …” Her täze abzas “ol” bilen başlanýar. Şuňa gözüň kaklyşandan, onuň çeperçiligini kesgitlemek mümkin. Muny kim okajak? Her sahypada diňe bir abzasyň başynda “ol” gelsin.

Sazlaşyk

Aýak üste onuň ýene bir öwreden zady sözleriň sazlaşygy boldy.

– Iki sözüň sazlaşygyna seret. Eger başky sözüň inçe çekimliden düzülen bolsa, yzyndanam inçe gelsin. Iň bolmanda, zarply ses gelmesin. Okyjynyň dilini döwme, dile akgynlylyk ber.

Ol prozanyň hem poeziýa ýaly akgynly bolmagyny isleýärdi. Dik duran ýerinden elini uzadardy. “Şuny düzet. Başky sözleme üns ber. Ol örän gurak…”

Onuň diýenlerini düzedeniňde, golýazma iň bolmanda, görnüş taýdan gowulyga özgerýärdi.

Usul

Kerim Gurbannepesowda “Atamyň köp gaýtalaýan sözleri” diýen toplum bar. Onda öwüt-ündew, ýaşy bir çene baran adamyň öwredýäjek sargytlary beýan edilýär.

Aslynda oňa: “Geljekde, durmuşda şeýle bolgun” diýip sargydam etmändir. Kerim atadan ir galypdyr. Ol öwüt-ündewler Kerimiň özüniňki bolmaly.

Ýöne täze poeziýa öwüt-nesihaty halamaýar. Şeýle-de bolsa, öwütsiz poeziýanyň bolmajagy-da belli. Şahyr muny birnäçe gezek aýdypdy, Puşkinde, beýleki modern şahyrlarda-da öwüt-nesihatly goşgularyň bardygyny düşündirýärdi. Şo babatdan Kerimde-de şeýle goşgy az däl. Ýöne “şahyr akyl öwredýär” diýmezleri üçin, “Atamyň köp gaýtalaýan sözleri” atly sözbaşyny tapypdy.

Gysgalyk

Ol gysgalygyň tarapyndady. Özem mümkin bolsa golýazmalary höwes bilen gysgaldýardy. Muňa hiç ýaltanmazdy.

Soňky ýatlamalaryna görä, ol öz eserlerini-de dözümsiz gysgaldýan ekeni. “Ata we ogul”, “Aýal bagşy” poemalaryndan ýüzlerçe setir gysgaldandygyny aýdýar. Ol hatda “Ýaşlyk dramasyndan” hem gysgaldyp bilipdir. “Ýaşlyk dramasyna” girmedik bentleri indi “Şahyryň arhiwinden” diýip çap edýärler.

Bir kiçijik mysal. Ol “hem” diýen baglaýjyny-da dolulygyna alman, başky harpyny taşlap, “menem”, “olam” görnüşde ulanýardy.

Şahyryň A.S. Puşkinden eden terjimesini, aýratyn-da “Ýadygärlik dikindim” eserini ýatlalyň. Ol ýerde terjimeçi “bilen” sözüni gysgaldyp, “bile” diýip ulanýar, ýagny bir harpy gysgaldýar, ýöne gysgaldýar.

Sargyt

– Kitap dükanyna baranyňyzda, hiç çekinmän, satuwa goýlan kitaplary eliňize alyň. Olary howlukman synlaň. Kitabyň awtory kim? Näme hakda? Nähili çap edilipdir? Kagyzy, bezelişi nähili? Eserler haýsy tertipde berlipdir? Içinde surat barmy? Bar bolsa, ol nähili ýerleşdirilen? Şulary görmegi öwreniň. Bar kitaby satyn almak hökman däl, ýöne olaryň bezelişini öwrenmek, kitap çykarmak medeniýetini bilmek hökman.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG