Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Putin ors harbylarynyň zarbalaryny taryplady


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Moskwa Siriýada we başga ýerlerde ekstremizme, terrorizme garşy göreşmek üçin giň gerimli ýaranlygy döretmekde öňegidişlik gazandy diýýär.

16-njy oktýabrda Gazagystanyň Burabaý şäherinde geçen metbugat ýygnagynda Putin terrorizme garşy göreşmek üçin Orsýetiň Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Iordaniýa we Ysraýyl bilen arabaglanyşyk gurandygyny aýtdy.

Ol şeýle hem ähli döwletleri Orsýet, Siriýa, Yrak we Eýran tarapyndan Bagdatda döredilen informasiýa merkeziniň "işlerine goşulmaga" çagyrdy.

Putin ors harbylarynyň Siriýada "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerine urýan zarbalarynyň netijeliligini taryplady.

Putin "Siriýalylar bilen öňünden ylalaşylan nyşanalaryň garşysyna howadan we deňizden iş alyp barmak bilen biziň harbylarymyz täsin netijeler gazandylar" diýdi.

Ol şeýle hem "Yslam döwleti" atly toparyň ençeme dolandyryş merkezleriniň we gorhanalarynyň dargadylyp, "terroristleriň ýüzlerçesiniň" öldürilendigini öňe sürdi.

Birleşen Ştatlar bilen beýleki döwletler Orsýetiň Siriýada alyp barýan harby işleriniň ýurduň prezidenti Başar al-Assadyň hökümetini güýçlendirmäge gönükdirilendigini, Assada garşy güýçleriň nyşana alynýandygyny aýdýarlar.

Bu aralykda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ýolbaşçylary 17 sany ylalaşyga, şol sanda halkara terrorizmine garşy göreşmek boýunça bir beýannama, şeýle hem 2020-nji ýylyň aýagyna çenli bolan möhleti öz içine alýan harby hyzmatdaşlyk boýunça bir ylalaşyga gol çekişdiler.

Bu ylalaşyklara GDA-nyň ýokary derejeli sammitinde gol çekildi. GDA Azerbaýjany, Belarusy, Ermenistany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Orsýeti, Özbegistany we Täjigistany öz içine alýar. 16-njy oktýabrda Gazagystanyň Burabaý şäherinde bu sammite Moldowanyň, Türkmenistanyň we Ukrainanyň wekilleri synçy bolup gatnaşdylar.

Metbugat ýygnagynda ors prezidenti ýakyn harby hyzmatdaşlyk zerur, sebäbi "[Owganystandaky] ýagdaý howply bolup barýar" diýdi.

Ol soňra hem Owganystandaky yslamçy terroristleriň bir maksady "Orta Aziýa regionyna aralaşmak" diýip, sözüniň üstüne goşdy.

Putiniň aýtmagyna görä, harby hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk bu howpa "sazlaşykly jogap" bolar.

Ors prezidenti GDA-ny öwüp, ol mysal üçin "global ykdysadyýetdäki näbellilik we barha artýan syýasy pytraňňylyk" ýaly "oňaýsyz daşky aktýorlar" zerarly döreýän problemalara çemeleşmek boýunça agza döwletler üçin mehanizm diýdi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň liderleri indiki sammitiň 2016-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda Gyrgyzystanda geçirilmegini ylalaşdylar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG