Sepleriň elýeterliligi

Çernogoriýa: Polisiýa protestçileri dargatdy


Çernogoriýada oppozisiýa hökümetiň çekilmegini talap edip, demonstrasiýa geçirdi.

Çernogoriýada oppozisiýa hökümetiň çekilmegini talap edip, demonstrasiýa geçirdi.

Çernogoriýada polisiýa Parlament binasynyň daşyna ýygnanan protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazy ulandy. Oppozisiýa hökümetiň çekilmegini we irki saýlawlary talap edip, demonstrasiýa geçirdiler.

Oppozisiýa liderleri we olaryň ençeme ýüz tarapdarlary protest üçin Podgorisanyň eteginde ýygnandylar. Ýerli habarçylaryň berýän maglumatyna görä, haçanda demonstrantlar polisiýanyň barrikadalaryny böwsüp geçjek bolanlarynda, howpsuzlyk güýçleri olara garşy göz ýaşardyjy gazy ulanypdyrlar.

Esasy oppozisiýa blogy – Demokratiýa Fronty sentýabr aýynyň ahyrlaryna Parlament binasynyň öňünde çadyrlary dikip, ýurduň premýer-ministri Milo Djukanowiçiň wezipesinden çekilmegini talap edipdi.

17-nji oktýabrda polisiýa çadyrlary aýyryp başlanda, Demokratiýa Fronty protest çärelerini geçirmäge çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG