Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe: 'YD' ilteşikli 50 adam tutuldy


Türk polisiýasy sebite gözegçilik edýär

Türk polisiýasy sebite gözegçilik edýär

Türkiýe “Yslam döwleti” topary bilen ilteşikli bolmakda şübhelenýän 50 adamy tussag etdi.

Türk mediasy Stambulyň 17 raýonynda gözleg-barlag işleriniň geçirilendigini habar berdi.

“Anadolu” habar agentligi tussag edilenleriň ählisiniň daşary ýurt raýatlarydygyny, şeýle-de olaryň soňy bilen Siriýa we Yraga geçmekçi bolandyklaryny mälim etdi.

Tussag edilenleriň şahsyýetleri we haýsy ýurtlardan gelendikleri barada hiç hili maglumat berilmeýär.

Soňky döwür Türkiýe özüniň Siriýa bilen 910 kilometrlik serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlaryny berkidip, Siriýa geçmekçi bolýan “YD” söweşijileriniň öňüni baglamak ugrunda tagalla edýär.

XS
SM
MD
LG