Sepleriň elýeterliligi

Eýran ‘Siriýada esgerim ýok’ diýýär


Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Husseýn Amir Abdollahian

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Husseýn Amir Abdollahian


Eýran Siriýada öz esgerleriniň söweşýändigi baradaky maglumatlary ret edýär. Şol bir wagtda, Tähran terrorizme garşy göreşmek üçin öz harby maslahatçylaryny Siriýa ugradyp, prezident Başar al-Assada berilýän harby hemaýatyny artdyrjakdygyny mälim etdi.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Husseýn Amir Abdollahian Siriýada söweşýän eýran esgerleriniň ýokdugyny aýtdy. Mundan bir gün öň, ABŞ resmileri Siriýada Assadyň režimini goldap 2 müňe golaý eýranlynyň we sebitdäki käbir beýleki döwletleriň raýatlarynyň hem söweşýändigini aýdypdy.

“Biziň Yrakda we Siriýada harby maslahatçylarymyz bar. Bu hem gürrüňi gidýän iki ýurduň haýyşy esasynda edilen ädim boldy” diýip, Abdollahian aýtdy.

“Biz terrorizme garşy durmak üçin öz maslahatlarymyzy berip, Siriýa edilýän kömegi artdyrmakçy bolýarys” diýip, eýran resmisi sözüne goşdy.

Eýran Assadyň esasy ýaranlarynyň biridir. Tähran Siriýanyň hökümet güýçleri we Russiýanyň söweş uçarlary bilen birlikde Assadyň režimi bilen göreşýän jeňçilere garşy çykýar.

2011-nji ýylda başlanan Siriýadaky konflikt sebäpli 250 müň töweregi adamyň öldürilendigi çaklanylýar. Dowam edýän graždançylyk urşy sebäpli millionlarça siriýaly öz öýlerini terk etmäge mejbur boldular.

XS
SM
MD
LG