Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda ten söwdasyna 15 gün tussaglyk


Illýustrasiýa suraty

Illýustrasiýa suraty

Täjigistanda jemgyýetçilik düzgünler barasyndaky kanuna girizilen üýtgeşiklik gadymdan gelýän jelepçilik käri edýänlere berilýän jezany agyrlaşdyrýar.

Täze girizilen üýtgeşiklige görä, ten söwdasyny edýänlere ummasyz pul jerimesinden başlap 10-15 sutka çenli tussaglyk jezasy berlip bilinýär.

Agyr jezalar, diňe owal şeýle aýyplama bilen saklanyp, pul jerimesini töländen soňam ten södasyna dowam edenlere berilýär.

Jemgyýetçilik düzgünleri baradaky kanuna girizilen üýtgeşikliklerde pul jerimeleriniň mukdary hem galdyrylypdyr. Tenini satýanlar owal jerime höküminde iň az aýlykdan 10 ýa-da 20 esse köp pul töleýän bolsalar, indi bu mukdar 20 ýa-da 40 essä köpeldilipdir. Şonuň ýaly-da olara has berk jerime höküminde 10 günden 15 güne çenli tussaglyk jezasy girilipdir.

Täjigistanyň mejlisiniň agzalaryna görä, owalky çäreler ten söwdasy bilen meşgullanýanlara garşy täsirli göreşde garaşylan netijäni berip bilmändir.

Täjigistanyň kanyny ten söwdasyny jenaýat hasaplamaýar. Şonuň üçinem şeýle aýyplama bilen duruzylan raýatlar polisiýa bölümine eltilýär we ol ýerde düşündiriş ýazdyrylýar. Şonuň ýaly-da mertebäni pesedýän ýagdaýda ginokologiýa hem ýokanç keseller boýunça hekim barlaglaryndan geçirilýär we jerime puluny töläninden soň goýberilýär. Ýöne kanunlar, pul üçin adamlara ten söwasyny etdirýänler, ten söwdasyny gurmaçylylykly ýagdaýda gurnaýanlar we adam söwdasyny edýänler üçin azatlykdan mahrum etmek jezasynyň berilmegini göz öňünde tutýar.

Täjigistanyň hökümetiniň aýtmagyna görä, ten söwdasyny edýän adamlaryň anyk sany barada jikme-jik maglumat ýok. Metbugatda aýan edilýän sanlar bolsa, umuman geçirilýän haýsam bolsa bir polisiýa çäresiniň netijesine görä kesgitlenýär.

2014-nji ýylyň maý aýynda bu ugurda ýurtda iň uly howpsuzlyk çäresi durmuşa geçirilipdir. Şonda Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň aýan eden hasabatyna görä, ten söwasy bilen meşgullanan bäş ýüze golaý zenan bilen az sanly erkek adam saklanypdyr. Howpsuzlyk çäresinde oturylşyk ýerlerinde, gije kluplarynda we şahsy jaýlarda ten satýanlar ele salynypdyr. 2013-nji ýylda tutuş Täjigistan boýunça 1641 sany ten sowdasy wakasyna duş gelinipdir.

Ele salynanlaryň aglaba köpçüligi pulsuzlyk we işsizlik sebäpli şeýle işe baş goşandygyny aýan edipdir. 2015-nji ýylyň maý aýynda SPID-e garşy bütündünýä göreş fondy, Täjigistanda ýokanç keseller boýunça geçirilen derňewiň netijesini aýan edipdir. Guramanyň geçirlen saglygy saklaýyş we demografiýa barlaglaryna salgylanyň aýan eden hasabatyna görä, ýurtda 14 müňe golaý ten söwasy bilen meşgullanýan bar. Täjigistanyň Saglygy saklaýyş ministrligi bolsa soň bu hasabatyň hiç bir esasa daýanmaýandygyny aýdyp çykyş edipdir.

Adam hukuklaryny goraýanlaryň aýtmagyna görä, işsizlik sebäpli güzeran ýagdaýy gaty agyr bolan adamlar ten söwdasy bilen meşgullanmaga mejbur bolýarlar. Olar, ýurtda şol bir wagtyň özünde jemgyýet tarapyndan ýekiriliň, organ işgärleriniň hem dürli gysyşlaryna we äsgermezçiliklerine hem duçar edilýärler. Olaryň hak-hukuklaryny goramak ýa-da olara has töwekkelçilikli çemeleşmek, jemgyýetde "şeýle iş bilen diňe moral taýdan bozuk bolanlar meşgullanýarlar" diýen düşünje höküm sürýändigi üçin her kime başardanok.

XS
SM
MD
LG