Sepleriň elýeterliligi

Üç güýjüň bir elde jemlenmegi ahyrzamandyr


 Fransuz pelsepeçisi Şarl Monteskýe.

Fransuz pelsepeçisi Şarl Monteskýe.

Görnükli fransuz pelsepeçisi Şarl Monteskýeniň (Charles-Louis Montesquieu) "Kanunlaryň ruhyýeti hakda" atly eserinden bir bölek.

"Kanunlaryň ruhyýeti hakda"

Oligarhiki döwlet gurluşynda höküm sürýän ýyrtyjy tiranlyk demokratik gurluşda haýsydyr bir raýatyň geleňsizligi zerarly döräp biljek ýagdaýdan has howpludyr.

"Ullakan we gysby jaýly şäherlerde" atly eseriň awtory şeýle ýazýar: "Adamlar köplenç özünden has gaba eginbaş geýnip, köpçüligiň özlerine daşky sypatyna görä hormat goýmagyndan keýp alýarlar".

Emma kanunyň we adalatyň geýmine giren tiranlyk edil raýatlaryň geleňsizligi ýaly howpludyr.

Syýasy azatlyk - jemgyýetde her bir adamda howpsuz ýagdaýda döreýän düşünjelerden ýygnanýan pikirleriň ummanydyr.

Şeýle azatlyga eýe bolmak üçin, döwlet häkimiýeti bir adam başga bir adamdan çekinmez, gorkmaz ýaly edilip döredilmelidir. Bolmasa ýurtda azatlyk galmaz.

Kanun çykarýan organ, dolandyryş we adalat güýçleri ýeke-täk bir adamyň ýa-da ýolbaşçylar toparynyň eline geçen bolsa, onda ol ýerde hem azatlyk bolup bilmez.

Çünki şol bir hökümdaryň ýa-da ýolbaşçylar toparynyň agyr hem hupbatly kanunlary kabul edip, olary zalymlyk bilen durmuşa geçirip biljekdigi barada jemgyýetde howsala dörär.

Hökmürowan üç güýjüň bir elde jemlenmegi ahyrzaman diýmekdir, ýagny hemme zadyň ahyryny getirýändir.

Azat ýurtda her adamyň öz erkin dolandyryjysy bolmaly. Kanun çykaryjy güýç hut halkyň öz elinde hem ygtyýarynda bolmalydyr.

Uly ýurtlarda munuň şeýle bolmagy mümkin däl. Kiçi döwletlerde hem, şeýle ýagdaýyň gaty köp ynjalyksyzlyklara sebäp bolup biljegi üçin, halkyň özbaşyna edip bilmejek işlerini onuň azat-erkin saýlawlarda saýlaýan wekilleri alyp barýarlar.

Wekilleriň iň esasy aýratynlygy - olaryň jemgyýeti gyzyklandyrýan meseleler boýunça gepleşikler geçirmäge ukyba eýe bolmagydyr. Halk wekilleri saýlananda her bir adam erkin ses bermek ygtyýaryna eýe bolmaly.

Diňe azatlyk hem erkinlik bolan ýurtda kanun çykaryjy güýjüň kanunlaryň nähili berjaý edilýändigini barlamaga haky hem ygtyýary bolýar.

Ýöne derňewiň maksady näme bolsa bolsun, kanun çykaryjy organ bir adamy özüçe ýazgaryp biljek güýje eýe bolmaly däldir. Kanun çykaryjy hem goraýjy organlar, adamlara toslama günä ýöňkän ýa-da olary ýöne ýere basan wagty şol pursat azatlyk hem ýok bolýar. Döwletiň monarhiýa däl-de, respublika bolmalydygynyň düşnükli bolşy ýaly, her bir ýurtda azatlyk bolmagy hem hökmanydyr.

XS
SM
MD
LG