Sepleriň elýeterliligi

'Täjik çagasynyň ölümi derňelmeli'


Orsýetde ýogalan täjigistanly çaga Umarali Nazarow, 19-njy oktýabr, 2015

Orsýetde ýogalan täjigistanly çaga Umarali Nazarow, 19-njy oktýabr, 2015

Orsýetiň çagalaryň hukuklary boýunça ýörite wekili orsýet resmilerini Sankt Peterburgyň polisiýa bölüminde ene-atasyndan aýrylandygy aýdylýan täjik çagasynyň ölüminiň sebäplerini derňemäge ündedi.

Täjigistanly migrantlaryň bäş aýlyk ogly Umarali Nazarow, ene-atasy migrasion kanunlary bozmakda güman edilip, tussag edilmekleriniň ertesi 14-nji oktýabrda ýogaldy.

Çaganyň ejesi we atasy tussag edilenlerinde öz ellerinden alnan bäbeginiň bäş sagatdan tussaglykdan boşadylanlaryndan soň hem özlerine gaýdyp berilmändigini aýtdylar. Olar çagasynyň keselhana iberilendigi barada polisiýa tarapyndan özlerine aýdylandygyny gürrüň berdiler.

Maşgala öz çagasynyň saglyk bilen bagly hiç hili kemçiliginiň bolmandygyny aýdýar.

Täjigistan Orsýetiň resmilerinden wakany derňemegi talap etdi. Bu waka sosial mediada täjikleriň arasynda gahar-gazap döretdi.
Orsýetde 1.2 million çemesi täjigistanly işleýär.

XS
SM
MD
LG