Sepleriň elýeterliligi

Slowenia bosgunlary serhetde gabady


Migrant Slowenia geçmek üçin serhetde garaşýar, Horwatia, 19-njy oktýabr, 2015.

Migrant Slowenia geçmek üçin serhetde garaşýar, Horwatia, 19-njy oktýabr, 2015.

Slowenianyň häkimiýetleri gündeki kwotalar kesgitlenenden soň Horwatiýadan gelen 1000-den gowrak migranty kabul etmekden ýüz öwürendiklerini habar berdiler.

1800 adamlyk otly gije geldi, emma “iň mätäç” 500 çemesiniň Sloweniýa geçmegine rugsat berildi, diýip polisiýanyň metbugat-wekili Bojan Kitel 19-njy oktýabrda aýtdy.

Horwatiýa öz demirgazyk serhedinden günde 5000 migrantyň geçmegine rugsat sorady, emma Slowenia iki esse az adamy kabul etmäge razydygyny aýdýar.

BMG-niň bosgunlar edarasy 10 000 çemesi migrantyň Serbiýada agyr şertlerde galýandygyny aýdýar.

Esasan Siriýadan, Owganystandan we Yrakdan gaçyp çykan onlarça müň bosgun Balkan ýurtlarynyň üstünden Ýewropanyň baý ýurtlaryna aşmaga çalyşýar.

XS
SM
MD
LG