Sepleriň elýeterliligi

NATO harby türgenleşik geçirýär


NATO Ispaniýada, Italiýada we Portugaliýada üç hepdelik harby türgenleşigine başlaýar. Bu türgenleşikleriň 2002-nji ýyldan bäri iň uly göwrümli harby çäre boljakdygy aýdylýar.

19-njy oktýabrda başlanýan maşklarda NATO-nyň gury ýer, deňiz we howa güýçleriniň taýýarlyk derejesi synagdan geçiriler.

Italiýanyň Trapani howa bazasynda başlanýan türgenleşiklere 30 ýurduň 36000 harby we graždan wekili gatnaşýar.

NATO agza bolmadyk ýurtlaryň, şol sanda Ukrainanyň resmileri hem çärä gatnaşýarlar. Orsýet synçy hökmünde çagyryldy.

XS
SM
MD
LG