Sepleriň elýeterliligi

Eýran owganystanly bosgunlaryň köpeljegini çak edýär


Owganystanly bosgunlaryň lageri, Eýranyň Taraz Nahid obasy, fewral, 2015

Owganystanly bosgunlaryň lageri, Eýranyň Taraz Nahid obasy, fewral, 2015

Eýranyň Owganystan we Pakistan bilen serhetdeş Sistan we Bulujystan welaýatlarynyň häkimi ýurduň owgan migrantlarynyň täze akymyna taýýar bolmalydygyny duýdurdy.

“Gynansak-da Owganystanyň ençeme bölegindäki howplar we durnuksyzlyk sebäpli biz owgan migrantlarynyň akymynyň güýçlenýändigine şaýat bolýarys”, diýip Eýranyň habar agentlikleri Ali Osat Haşeminiň sözünden sitata getirýärler.

Eýranda iki million çemesi hasaba alnan we alynmadyk owganystanly bosgun ýerleşýär.

Bikanun bosgunlaryň ençemesi Owganystana deportasiýa edildi.

XS
SM
MD
LG