Sepleriň elýeterliligi

Russiýa Gazagystana pena teklip edýär


Russiýa Gazagystana pena teklip edýär

Russiýa Gazagystana pena teklip edýär

Öten hepde Gazagystanyň Burabaý şäherinde geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin “GDA agza ýurtlaryň bilelikdäki serhet güýçlerini” döretmegi teklip etdi. Putin bu teklibini öňki sowet respublikalarynyň käbirleriniň, ýagny bu Arkalaşyga agza döwletleriň käbirleriniň serhetlerinde terrorizm howpunyň artýan mahaly mälim etdi.

Synçylaryň Putiniň täze inisiatiwasyna görkezen reaksiýasy örän çäkli boldy. Şol beýannamanyň öňüsyrasynda Putiniň Astana eden saparynyň dowamynda Gazagystan bilen Orsýet Orsýetden uçurulýan raketalaryň uçuş tertibi we raketalaryň bölekleriniň ýere gaçmagy üçin Gazagystanyň giňişliginiň ulanylmagy baradaky ylalaşyga gol çekdiler.

“Balhaş çigini”

Mundan öň Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew Gazagystanyň “Balhaş çigini” atly desgasynyň Orsýetiň öz territoriýasyna geçirilmeginiň şertleri baradaky ylalaşygy tassyklaýan kanuna gol goýupdy. Gazak generallary şeýle ylalaşyklara oňaýly garaýarlar. Munuň töwekgelçiliklerini gazak syýasatçysy Dosym Satpaýew Almatydan beren maglumatynda belleýär.

“Balhaş çigini” - raketa hüjümleri barada öňünden duýduryş berýän sowet sistemasynyň adydyr.

Gazagystanyň Garaganda welaýatynyň Balhaş kölüniň golaýynda ýerleşýän “Balhaş çigini” atly desga kosmos giňişliginde üznüksiz barlaglary geçirmäge, ballistik raketalary we kosmiki desgalary awtomatik görnüşde anyklamaga we oňa gözegçilik etmäge niýetlenendir. Sowet Soýuzy dargandan soň “Balhaş çigini” Russiýanyň Raketa hüjümleri barada öňünden duýduryş sistemasynyň bir bölegi boldy.

Töwekgelçilik

Mundan ozal hut şu ýerde, ýagny Gazagystanyň Saryşagan poligonynda “Balhaş çigininiň” “gözegçiliginde” ganatly raketalar synagdan geçirilipdi. Ýakynda Orsýet bu raketalary uruş maksatlary bilen Hazar deňzinden Siriýa garşy atdy.

“Ganatly raketalar nyşanadan ortaça bir metr gyşarma bilen Siriýadaky nyşanalara baryp degdi” diýip, gazak generaly Sarmantaý Nurgažin aýtdy.

Gazagystanyň howa giňişligi Orsýetiň goşunynyň kömegi bilen goralýar.

Almatyly politolog Dosym Satpaýew bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýýär: “Biziň ýurdumyz biziň harby taýdan howpsuzlygymyz üpjün etmegi goňşy döwlete ynanana meňzeýär. Biziň howpsuzlygymyz nazara alnanda, hususan-da, Russiýa dünýäniň dürli regionlarynda öňünden çak edip kesgitläp bolmaýan agressiw hereketleri amala aşyrýan, şol sanda Kollektiwleýin howpsuzlyk guramasyndaky partnýorlarynyň hereketleri we syýasaty bilen köplenç ylalaşmaýan mahaly, bu örän möhüm we wajyp töwekgelçilikdir”.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Gazagystana soňky sapary, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň Astana eden saparynyň yzysüre amala aşyryldy. Kiýew Moskwany Ukrainanyň öňki baştutanlarynyň kömegi bilen ukrain ýaragly güýçlerini dargatmakda we ukrain harby ýolbaşçylaryny korrupsiýa bilen azdyrmakda yzygiderli aýyplap gelýär. Ukrainanyň pikirine görä, Orsýet tarapyndan ukrain harbylarynyň parahorluga çekilmegi soňra Ukraina üçin örän pajygaly ýagdaýa, ýagny Orsýetiň Krym ýarymadasyny aňsatlyk bilen basyp almagyna getirdi.

XS
SM
MD
LG