Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Söweşijiler Gormaç etrabyny basyp aldy


Owganystanyň Milli armiýasynyň esgerleri artilleriýa hüjümini amala aşyrýar.

Owganystanyň Milli armiýasynyň esgerleri artilleriýa hüjümini amala aşyrýar.

Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetdeş Farýab welaýatynyň Gormaç etrabynyň geçen dynç günlerinde söweşijileriň eline geçendigi habar berildi.

Gormaç soňky bäş günüň dowamynda söweşijileriň gözegçiligine geçen ikinji serhetýaka etrabydyr. Geçen hepdede söweşijiler Türkmenistan bilen serhetleşýän Hamýap etrabyny eýelediler.

Demirgazyk Owganystandaky howpsuzlyk ýagdaýlary barada Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady maglumat taýýarlady.

XS
SM
MD
LG