Sepleriň elýeterliligi

"Playboy" žurnaly ugruny üýtgetdi


"Playboy" žurnaly ugruny üýtgetdi.

"Playboy" žurnaly ugruny üýtgetdi.

Žurnalyň ýolbaşçysy: "Indi ýalaňaç suratlar çap edilmez" diýýär.

"Plaýboý" hakyky edebiýat we amaly-haşam žurnalyna öwrüldi

1953-nji ýyldan bäri dynç alyş we durmuşy ugurlarda neşir edilip gelinýän "Plaýboý" žurnaly öňküsi ýaly indi diňe erkek adamlara niýetlenilmez.

Žurnal mundan beýläk diňe žurnalistleriň geçirýän barlaglary, tanymal eserler, söhbetdeşlikler, "ýaşlaryň amaly-haşam sungatyna barha artýan ünsi", suratkeşleriň eserleri barasynda materiallary çap eder.

"Plaýboý" žurnalynyň birinji neşiri. 1953-nji ýyl.

"Plaýboý" žurnalynyň birinji neşiri. 1953-nji ýyl.

"Plaýboý" žurnalynyň täze ýolbaşçysy Skot Flanders, "New Ýork Times" gazetine beren beýanatynda žurnalyň mundan beýläk dynç alyş žurnaly ýaly görünmejekdigini aýan edip: "Dynç alyş žurnallaryň ugry boýunça göreş alyp bardyk we ony gazandyk. "Plaýboý" žurnaly indi brend menejmenti firmasyna öwrüldi" diýýär.

Bu žurnal eýýäm köp wagtdan bäri özüni dynç alyş žurnallarynyň arasyndan çete çekip başlapdy.

Žurnalyň çap eden söhbetdeşlikleri

1969-njy ýylyň dekabr aýynda edebiýat tankytçysy Leslie Fiedleriň postmodern edebiýatyň manifesti hasaplanýan "Serhetleri aýyryň, berkitmeleri ýok ediň" atly makalasy haýsam bolsa bir edebiýat žurnalynda däl-de, hut "Plaýboý" žurnalynda çap edilipdi.

1960-njy ýyllarda "Plaýboý" žurnalynyň çap eden söhbetdeşlikleriniň arasynda Nabokow, Şweitser, Žofef Heller, Margaret Atwud, Haruki Murakami, Kurt Wonnegut we beýleki ýazyjylar bilen bir hatarda, Martin Lýuter King, Malkolm X, Amerikan milletparaz partiýasyny döreden Jorj Linkoln Rokwell, şol döwürde prezidentlige dalaş eden Jimmy Karter ýaly şahsyýetler orun alypdy.

2006-njy ýylda žurnalda tanymal amerikan ýazyjysy we professor Sam Lipsaýtyň hekaýasy çap edilipdi.

2014-nji ýylda bolsa "Plaýboý" özüniň baş sahypasyndan ýalaňaç adamlaryň suratlaryny aýyrýandygyny yglan edipdi.

Žurnalyň dynç alyş ugrundan has salykatly ugra geçýändigi bu hepde resmi derejede tassyk boldy.

Daşary ýurt metbugatynda bu habar "Hoş gal, Plaýboý" sözbaşysy bilen çap edildi. Şeýle-de "Plaýboýda” ýalaňaç suratlar könede galdy" ýa-da "Plaýboý" žurnalynyň internet döwründäki ironiki ahyry" görnüşli sözbaşyly materiallary çap eden neşirler hem bar.

XS
SM
MD
LG