Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

B.Ki-Moon Ysraýyla, Palestina barýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Moon
BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Moon

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki Moon 20-nji oktýabrda garaşylmadyk sapary bilen Ysraýyla we Palestina barýar. Bu ýerde zorlukly çaknyşyklar dowam edýär.
Palestinanyň daşary işler ministri Riýad Malki Ban Ki Moonyň taraplaryň ikisi bilen hem duşuşjakdygyny aýtdy.

BMG-niň ýolbaşçysy bu saparynyň öňüsyrasynda ýaýradan wideo beýannamasynda asudalygy saklamaga çagyryş etdi. Ol palestinleriň aladalanmalaryna düşünýändigini, emma zorlugyň kanuny tagallalaryna zeper ýetirýändigini aýtdy.

Şeýle-de Ban Ki Moon howpsuzlygyň ýaramazlaşmagy bilen baglylykda Ysraýylyň howatyrlanmalaryna düşünýändigini belläp, ýagdaýdan harby çykalganyň ýokdugyny aýtdy.

Ysraýylyň Ierusalimde Ybadathana dagynyň we Al-Aksa metjidiniň ýerleşýän ýerini eýelemekçi bolýandygy baradaky çaklamalar zorluklary tutaşdyrypdy. Ysraýyl bu çaklamalary ret edýär. Zorluklar zerarly sekiz ysraýylly we 40 palestinaly wepat boldy.

XS
SM
MD
LG