Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň baş harby resmisi Yraga bardy


Birleşen harby ýolbaşçylygynyň başlygy deňiz goşunlarynyň generaly J.Dunford
Birleşen harby ýolbaşçylygynyň başlygy deňiz goşunlarynyň generaly J.Dunford

ABŞ-nyň baş harby resmisi “Yslam döwleti” atly ekstremist toparyna garşy söweş bilen baglylykda 20-nji oktýabrda Yraga bardy.

Birleşen harby ýolbaşçylygynyň başlygy deňiz goşunlarynyň generaly Joseph Dunford 1-nji oktýabrda ABŞ-nyň baş generaly wezipesine geçeli bäri Yraga birinji gezek sapar edýär.

Dunford Yragyň Kürdüstan regionynyň paýtagty Irbilde regional prezident Massud Barzani bilen duşuşar.

Dunford Orsýetiň Siriýada amala aşyrýan howa zarbalaryny Yraga hem ýaýbaňlandyrmagynyň häzir perspektiw däldigini özi bilen syýahat edýän žurnalistlere aýtdy.

Munuň öňüsyrasynda Bagdadyň Orsýetiň Yrakda hem “YD” toparynyň nyşanlaryna garşy howa zarbalaryny amala aşyrmagyny isleýändigi habar berilipdi.

XS
SM
MD
LG