Sepleriň elýeterliligi

Sloweniýa goşun ulanyp biler


Sloweniýanyň Horwatiýa bilen serhedi, Trnowes, 19-njy oktýabr, 2015.

Sloweniýanyň Horwatiýa bilen serhedi, Trnowes, 19-njy oktýabr, 2015.

Sloweniýanyň hökümeti ýurda Horwatiýadan müňlerçe migrantyň barmagy bilen baglylykda goşunyň serhet polisiýasyna ýardam bermegine ýol açýan kanuny teklip etdi.

Teklip edilen kanunyň 20-nji oktýabrda parlamentde makullanmagyna garaşylýar.

Munuň öňüsyrasynda 19-njy oktýabrda Sloweniýa özüniň Horwatiýa bilen serhedinden 1000-den gowrak migranty geçirmekden ýüz öwürdi we öz hereketini gündeki kwotanyň dolmagy bilen düşündirdi.

Horwatiýa öz demirgazyk goňşusyndan günde 5000 migranty kabul etmegi soraýar, Sloweniýa bu sanyň diňe ýarsyna razydygyny aýdýar.

Bu ýagdaý Siriýadaky, Owganystandaky we Yrakdaky uruşdan gaçyp çykan adamlaryň Horwatiýada we Serbiýada üýşmegine sebäp bolýar.

XS
SM
MD
LG