Sepleriň elýeterliligi

Ankara: Hüjümçiniň şahsyýeti anyklandy


Hüjümiň bolan ýeri, Ankara, 12-nji oktýabr, 2015.

Hüjümiň bolan ýeri, Ankara, 12-nji oktýabr, 2015.

Türkiýäniň häkimiýetleri şu aýda Ankarada 102 adamyň ölümine sebäp bolan janyndan geçen iki bombaçy hüjümçiden biriniň şahsyýetini anyklady. Onuň Türkiýäniň günorta-gündogar böleginden bir ýaş adamdygy we şu ýylyň iýul aýynda meňzeş hüjümi amala aşyran hüjümçiniň doganydygy habar berildi.

Iki doganyň öz obasynda “Yslam döwleti” toparynyň düzümine adam çekmek boýunça alyp baran işleri bilen tanalýandygy bellenýär.

Ankaranyň prokuraturasy hüjümçiniň şahsyýetiniň DNK testi boýunça anyklanandygyny we onuň adynyň Adiýaman obasyndan Ýunus Emre Alagözdigini yglan etdi.

Premýer-ministr Ahmet Dawutoglu hüjüm bilen baglylykda 15 adamyň tussag edilendigini “Ahaber” telewideniýesine aýtdy.

XS
SM
MD
LG