Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Eýran Siriýanyň parahatçylygyna päsgel berýär'


Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir
Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Adel al-Jubeir Eýranyň Siriýada hökümet güýçlerini goldamak bilen özüniň bu ýerde parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça tagallalarda rol oýnamagynyň öňüne böwet salýandygyny aýtdy.

“Eýran Siriýada ýagdaýdan çykalga tapmak üçin näme etmeli diýen sowal döreýär?”, diýip Jubeir Riýadda geçirilen metbugat-konferensiýasynda aýdyp, “jogap örän ýönekeý, ol Siriýadan goşun çykarmaly we Başar al-Assadyň režimini ýarag bilen üpjün etmegini togtatmaly, şeýle-de ol iberen şaýy söweşijilerini yzyna çekmeli... şonda onuň roly bolar”, diýdi.

Saud Arabystany Assadyň režimine garşy söweşýän gozgalaňçy toparlary goldaýar.

Eýran Siriýada öz goşunynyň ýokdugyny aýdýar, emma Siriýanyň haýyşy boýunça harby geňeşçilerini iberendigini belleýär. Ýakynda Eýranyň birnäçe baş harby ýolbaşçysy Siriýada wepat boldy.

XS
SM
MD
LG