Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Orsýet hüjümi '45 adamy öldürdi'


Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän topar Orsýetiň Siriýanyň Latakia regionynda amala aşyran howa hüjümlerinde 45 adamyň, şol sanda gozgalaňçy söweşijileriň we parahat ýaşaýjylaryň wepat bolandygyny aýdýar.

Guramanyň aýtmagyna görä, 19-njy oktýabrda agşam amala aşyrylan hüjümler gozgalaňçylaryň Birinji kenarýaka toparynyň gözegçiligindäki Jabal Akrad giňişlige zarba urupdyr.

Wepat bolan gozgalaňçylaryň arasynda toparyň harby ýolbaşçylarynyň başlygy Basil Zamonyň hem öldürilendigi habar berildi.

Bu gozgalaňçy topar Siriýanyň azat goşuny diýlip atlandyrylýan bileleşigiň düzüminde söweşýär we Waşingtonyň programmasy boýunça berilýän halkara ýardamyndan peýdalanýar.

XS
SM
MD
LG