Sepleriň elýeterliligi

Farýab: 'Talyban" polisiýa wekillerini ýesir aldy


Owganystanyň polisiýasy ýurduň demirgazyk-günbatarynda “Talyban” söweşiji toparynyň Farýab welaýatynda eýelän etrabynda 18 polisiýa ofiserini ýesir alandygyny habar berdi.

Farýabyň polisiýasynyň ýolbaşçysy Sayed Aqanyň 20-nji oktýabrda aýtmagyna görä, “Talyban” polisiýa wekillerini Gormaç etrabyndaky çaknyşyklarda ele salypdyr.

“Talybanyň” metbugat-wekili söweşiji toparyň etrabyň polisiýa ýolbaşçysyny tussag edendigini we onuň söweşde ýaralanandygyny aýtdy.

Kabulda Içeri işler ministrliginiň metbugat-wekili Sedik Sedikki Farýaba goşmaça güýjüň iberilendigini we wise-prezident Abdul Raşid Dostumyň welaýatdaky harby çäreleri dolandyrýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG