Sepleriň elýeterliligi

Türk aeroportunda britan žurnalisti öli tapyldy


Türkiýäniň "Ataturk" adyndaky aeroporty.

Türkiýäniň "Ataturk" adyndaky aeroporty.

Žurnalistikanyň we zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy boýunça işleýän guramanyň Yrakdaky direktory Stambul şäheriniň esasy aeroportunda düşnüksiz ýagdaýda öli tapyldy. Bu barada gürrüňi edilýän gurama 19-njy oktýabrda habar berdi.

Žaklin Sattonyň (Jacqueline Sutton) dostlary we kärdeşleri onuň ölüminiň derhal derňelmegine çagyrdylar. Mundan sanlyja aý öň gürrüňi edilýän guramanyň öňki direktory hem bomba hüjüminde öldürilipdi.

“Parahatçylyk we uruş boýunça maglumatlar institutynyň” aýtmagyna görä, Sutton Londondan Türkiýäniň üsti bilen Yragyň Irbil şäherindäki bazasyna barmak üçin uçansoň, 17-nji oktýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde öli tapylypdyr.

Şeýle-de bu topar Sattonyň ölümi bilen ilteşikli “hakykaty açmaga” heniz hem synanyşýandygyny habar berdi. Türkiýäniň metbugat serişdeleri onuň hajathanada dardan asylan halda tapylandygyny habar berdiler.

“Gapynyň tutawajyndan özüni asdy”

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu Agency” atly habar serişdesi Sattonyň Yraga uçýan uçara gijä galyp, uçmaly wagtyny geçirensoň, aeroportyň hajathanasynda öz janyna kast edendigini aýdýar. Şeýle-de bu habar serişdesi hiç bir çeşmä salgylanman, onuň Yraga uçmak üçin täze bilet almaga pulunyň bolmandygy sebäpli aklyndan azaşandygyny ýazýar.

Türkiýäniň “Dogan” atly hususy eýeçilikdäki habar serişdesi hem hiç bir çeşmä salgylanmazdan, Sattonyň öz köwşüniň bagjyklary bilen hajathananyň gapysynyň tutawajyndan özüni asandygyny aýtdy. Onuň jesedi orsýetli üç syýahatçy tarapyndan tapyldy diýlip, “Dogan” habar serişdesiniň maglumatynda bellenilýär.

Sattonyň dostlary we kärdeşleri Türkiýäniň metbugat serişdelerinde çap edilen maglumatlary şübhe astyna alýarlar.

“Biziň hiç birimiz onuň öz janyna kast edip biljekdigine ynanmaýarys” diýip, Sutton bilen “Parahatçylyk we azatlyk boýunça zenanlaryň halkara ligasynda” bilelikde işleşen Wanessa Farr aýdýar.

“Bu hakykatdan hem manysyz”

Farr ýakynda Sattonyň öz žurnalistika guramasynyň “Yslam döwleti” atly toparyň aýallara garşy gönükdirýän ýowuz ýigrenjine garşy göreşmegi üçin 1 million amerikan dollary möçberinde grant almagyna ýardam berendigini aýtdy.

“Onuň işi gaty kyndy we ol zenanlaryň hukuklaryny batyrgaýlyk bilen gorkusyz goraýan şahsdy. Emma şol bir wagtda ol güýçli we bagtly adamdy, öz işini çendenaşa gowy görýär we köp adamlar tarapyndan gowy görülýän adamdy” diýip, Farr belleýär.

Yragyň parlamentiniň spikeri Salim al-Juburi “Türkiýäniň häkimiýetlerini wakanyň nähili ýagdaýda bolanlygynyň üstüni açmaga çagyrdy” diýip, onuň edarasy habar berdi.

Söz azatlygy boýunça işleýän bu toparyň ”Makala -19” atly maglumatynda topar özüniň Sattonyň ölümi bilen bagly habardan “sarsandygyny we çuňňur gynanç bildirýändigini” ýazdy hem-de onuň ölüminiň sebäpleriniň “doly we garaşsyz derňelmegine” çagyrdy.

“Parahatçylyk we uruş boýunça maglumatlar institutynyň” ýerine ýetiriji direktory Antony Borden Satton, guramanyň adatça edişi ýaly, oňa täze bilet üçin pul ugratjakdygyny bilýän bolmaly diýdi.

“Ol ýerde pul bilen ilteşikli hiç bir meseläniň ýokdugy aç-açan mälimdir. Bu hakykatdan hem manysyz. Biz biletleri hemişe çalyşýarys” diýip, Borden nygtady.

Türkiýäniň Atatürk adyndaky aeroportunyň howpsuzlyk resmileri bu barada maglumat almak synanyşyklarymyza jogap bermediler. Häzire çenli Türkiýäniň hökümeti bilen hem bu meselede habarlaşyp, goşmaça maglumatlary alyp bolmady.

XS
SM
MD
LG