Sepleriň elýeterliligi

Horwatiýa müňlerçe migranta serhedini açdy


Migrantlar.

Migrantlar.

Horwatiýa Serbiýa bilen aralykdaky serhetde gabawa düşüp, hiç bir ýere aşyp bilmän ýatan müňlerçe migranta öz territoriýasyna girmäge ýol berdi.

19-njy oktýabrda derwezeler açylmazdan öň, sowuk we ýagynly howada serhet geçelgesi Berkasowo üç müňden agdyk migrant ýygnandy.

Berkasowodaky koordinatorlaryň biri bolan Ýan Pinos ýagdaýy şeýle suratlandyrdy: "Bu ýerde köp adam bar. Olaryň sanynyň häzir üç müňden agdyk bolmagy mümkin. Ýöne bu basym bäş müňe barsa gerek. Sebäbi bu ýere sagat saýyn ýüzlerçe adam gelýär. Biz bu ýere mundan artyk bosgun almaň diýip, serb häkimiýetlerine duýdurdyk".

Ol soňra hem: "Şu wagt bu ýerde ýagyn ýagýar. Hemme ýer läbik, howa sowuk, adamlar üşeýärler" diýip, sozünuň üstüni ýetirdi.

Migrantlaryň arasynda dartgynlylyk

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar gullugynyň sözçüsi Melita Sonjiçiň aýtmagyna görä, öňünden bildirilmän serhet açylanda hemmeler şol tarapa ylgapdyr.

Täze girizilen serhet çäklendirmeleri sebäpli günbatara tarap ýollary baglanansoň, migrantlaryň arasynda dartgynlyk döredi.

Wengriýa howpsuzlyk aladalaryna salgylanyp, Serbiýa we Horwatiýa bilen serhedini ýapanyndan soň, demirgazyga tarap barýan migrantlar Horwatiýa bilen Sloweniýadan geçmeli boldular.

Horwatiýa özi ýaly Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Sloweniýadan günde bäş müň migranty kabul etmegi sorady. Onuň demirgazyk goňşusy bolsa, Awstriýanyň serhet gözegçiligini artdyrandygyna salgylanyp, bu sanyň diňe ýarpysyny aljakdygyny aýtdy.

Goşundan peýdalanmak

Bu göçüm migrantlaryň we bosgunlaryň Horwatiýanyň Serbiýa bilen serhedinde toplanmagyna getirdi.

"Bu ýerde hiç bir ýere gidip bilmän duran adamlaryň sanyny [anyk bilemzok] çaklaýarys. Görşüňiz ýaly, olar bütin aralygy tutup ýatyrlar. Biz bu ýerde gabawa düşenleriň sanyny 1500 bilen 2500-iň aralygy diýip çaklaýarys" diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar gullugynyň koordinatory Iroda Askarowa aýtdy.

Üstümizdäki ýyl Owganystan, Yrak we Siriýa ýaly ýurtlarda höküm sürýän zorlukdan we garyplykdan gaçyp Ýewropa gelen adamlaryň sany häzir alty ýüz müňden agdy. Bularyň aglabasy hem siriýaly. Bular Türkiýäniň, Gresiýanyň, Makedoniýanyň we Serbiýanyň üsti bilen Awstriýa we Germaniýa gelýärler.

16-njy oktýabrda Wengriýa özüniň Horwatiýa bilen aralykdaky serhedini ýapanyndan soň migrantlar iki million ilatly Sloweniýanyň içinden geçmeli boldular.

Sloweniýa 19-njy oktýabrda, Horwatiýadan gelýän üsti 1800 adamly otla öz territoriýasyna girmäge ýol bermän, diňe aglabasy aýallardan we çagalardan ybarat bäş ýüz adamy geçirdi.

Ýurduň premýer-ministri Mirow Serar ýekşenbe güni hökümetiň indi goşundan peýdalanjakdygyny bildirdi.

"Hökümet mundan beýläk goşun polisiýa kömek etmeli diýen karara geldi. Döwlet serhediniň goragyny güýçlendirmekde indi harby goşundan we goşunyň dürli tehnikasyndan peýdalanylar" diýip Serar aýtdy.

18-nji oktýabrda Sloweniýanyň girizen çäklendirmelerini ýurduň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Bostýan Sefiç Awstriýanyň kabul edýän adamlarynyň sanyny aşakladyp, günde 1500-e getirendigi bilen düşündirdi.

Awstriýa bolsa muny inkär edýär. Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Hemann Muhr "status kwo" dowam etdiriler diýdi. Ýöne onuň ýa beýleki resmileriň bu meselede beren anyk sany ýok.

Ýewropa Bileleşigi 120 müň bosguny agza döwletleriň arasynda paýlaşmak baradaky plan hakda ylalaşdy. Ýöne birnäçe döwlet muňa garşy. Blok, öz territoriýasyndan geçýän migrant akymynyň öňüne böwet basmak üçin, Türkiýe bilen hem ylalaşmaga synanyşýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG