Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul türkmenleriniň türkmençilik aladalary


Stambul türkmenleriniň türkmençilik aladalary
Stambul türkmenleriniň türkmençilik aladalary

Türkiýäniň Stambul şäheriniň Zeýtinburnu etrabynda gaty köp halklaryň wekilleri, şol sanda Owganystan, Pakistan ýaly ýurtlardan baran etniki türkmenler bir ýerde bilelikde ýaşaýarlar. Zeýtinburnu şäher häkimligi hem şeýle ýagdaýdan ugur alyp, her ýyl "Etniki aýratynlyklar" atly medeniýet günlerini gurnaýar. Bu ýylkysy 25-nji oktýabrda tamamlanjak medeniýet günlerine Stambulda ýaşaýan türkmenler hem işjeň gatnaşyp, türkmen medeniýetini tanadýarlar.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanyny Stambulda medeniýet günlerine gatnaşýan türkmenleriň arasynda taýýarlap, olaryň türkmençilik aladalarynyň çuňlugyna aralaşmagy göz öňünde tutýar.

Eýse, Stambulda ýaşýan türkmenleriniň türkmençiligi saklamak barasynda nähili aladalary hem problemalary bar? Owalky nesiller bilen Türkiýede kemala gelen nesilleriň arasynda türkmençilik babatda nähili tapawutlylyklar ýüze çykýar? Stambuldaky türkmenleriň ýaş nesli türkmençilik babatda nähili kynçylyklar bilen ýüze-ýüz?

Hemmeleri Azatlyk Radiosynyň türkmen diasporasynyň Stambulda ýaşaýan türkmenleriň türkmençilik aladalary barasynda taýýarlajak gepleşigine gatnaşmaga hem goşant goşmaga çagyrýarys. Habarlaşmak üçin biziň elektronik hat salgylarymyz: hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com

Şeýle-de tema bilen baglanşykly aşakdaky foruma teswir ýazyp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG