Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Facebook” howpsuzlyk düzgünlerini artdyrdy


“Facebook” howpsuzlyk düzgünlerini artdyrdy.

“Facebook” howpsuzlyk düzgünlerini artdyrdy.

“Facebook” sosial ulgamy öz ulanyjylarynyň howpsuzlygy üçin täze bir sistemany durmuşa geçirdi.

Mundan beýläk sosial ulgamyň ulanyjylaryna öz sahypalaryna hüjüm ýa-da goşulyşylan halatynda habar beriler.

Bu täze sistema barada “Facebook” kompaniýasynyň howpsuzlyk boýunça baş direktory Aleks Stamos (Alex Stamos) “Bellikler” bölüminde mälim edýär.

Bu sistema internet hakerlerinden, döwlet we häkimiýetler tarapyndan amala aşyrylýan hüjümlerden goranmak maksady bilen taýýarlanyldy. Eger-de ulanyjylaryň sahypalary nyşana alnyp, hüjüm edilýän bolsa, onda bu barada olara bildiriş ugradylar.

Bu sistemanyň amala aşyrylmagynda telefon belgileriniň uly roly bar. Meselem, ulanyjynyň sahypasyna täze bir telefon belgisinden ýa-da brauzerden girilende, sahypanyň eýesiniň telefonyna ýörite kod ýa-da açar söz ugradylar. Bu kod sahypa ýazylmasa, onda ol açylmaz.

“Facebook” kompaniýasy öz usullarynyň howpsuzlygyny we gizlinligini goramak maksady bilen hüjümleri bir-birinden nähili aýyrýandygyny mälim etmeýär.

Şeýle-de, maglumatda ýokary derejede delliler elýeterli bolan halatynda, ulanyjylara gürrüňi edilýän bildirişleriň ugradyljakdygy bellenilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG