Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Assad Moskwada Putin bilen duşuşdy


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) , Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad, Kreml, Moskwa, 20-nji oktýabr, 2015.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (s) , Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad, Kreml, Moskwa, 20-nji oktýabr, 2015.

Kreml 20-nji oktýabrda agşam Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin Moskwa barandygyny habar berdi.

Kremliň metbugat-wekili Dmitriý Peskow Assad bilen duşuşygy “iş sapary” diýip häsiýetlendirdi. Peskow iki tarapyň Siriýada “Yslam döwleti” toparyna garşy bilelikdäki harby kampaniýasyny maslahat edendiklerini aýtdy.

Peskow gepleşikleriň “terrorçy topara” garşy söweşe we Orsýetiň Siriýadaky harby operasiýalaryny, şol sanda howa hüjümlerini dowam etdirmegine gönükdirilendigini belledi. Şeýle-de ol Assadyň Siriýanyň hökümet goşunlarynyň planlary barada Putini habarly edendigini aýtdy.

Putiniň Assad bilen bu gepleşikleri Pentagonyň Moskwanyň we Waşingtonyň arasynda Siriýanyň howa giňişliginde çaknyşyklaryň töwekgelçiligini azaltmak barada ylalaşyga gol çekendigini yglan eden güni geçirildi.

Orsýetiň we ABŞ arasynda gol çekilen ylalaşykda orsýet goşunlarynyň we ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň arasynda radio aragatnaşygynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

XS
SM
MD
LG