Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Helmand: Agyr söweş dowam edýär


Helmand regiony​nyň paýtagty Laşkar Gah şäheri, 2015.

Helmand regiony​nyň paýtagty Laşkar Gah şäheri, 2015.

Owganystanyň hökümet güýçleriniň we “Talybanyň” söweşijileriniň arasynda 21-nji oktýabrda Laşkar Gah şäherinde agyr söweşler dowam etdi. Söweşijiler bu etraby bir gün öň eýelediler.

Owgan resmileri 20-nji oktýabrda agşam Babaji etrabynyň “Talybanyň” eline geçmeginden soň Laşkar Gah şäherine goşmaça kömek iberendiklerini aýtdylar.

Çaknyşyklar sebäpli Helmand regiony​nyň paýtagty Laşkar Gah şäheriniň ýaşaýjylary öz öýlerini terk edýärler.

Söweşler ýurduň esasy gündogar şäheri Gandagary Herat bilen baglanyşdyrýan esasy gara ýoly howp astyna salýar.

NATO 2014-nji ýylda Owganystandaky söweş çärelerini tamamlaýança Helmandda ABŞ-nyň we Britaniýanyň harby bazalary ýerleşýärdi. Bu welaýat dünýäde gök nar öndürilýän iň uly merkezleriň biri hasaplanýar.

XS
SM
MD
LG