Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz polisiýasy tussaglar ýüreginden tutup öldi diýýär


Gyrgyzystanyň häkimiýetleri türmeden gaçan iki tussagyň polisiýa tarapyndan tutulan wagtynda ýüregi tutup ölendiklerini 21-nji oktýabrda aýtdylar.

Taalaibek Jumanow we Bakyt Kenjegulow 12-nji oktýabrda Gyrgyzystanda dört sakçyny öldürip, türmeden gaçan tussaglaryň arasynda bolupdy.

Türmelere gözegçilik edýän döwlet gullugynyň bu beýannamasy ýerli media serişdelerinde tussaglaryň ýenjilip öldürilendigi barada çaklamalaryň peýda bolmagyna sebäp boldy.

Resmiler gaçgaklaryň dördüsiniň dini ekstremizm we terrorizm boýunça iş kesilen tussaglardygyny, olardan ikisiniň ömürlik tussaglyga höküm edilenlerdigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG