Sepleriň elýeterliligi

Baku: Ýedi sany resmi tussag edildi


Azerbaýjanyň öňki milli howpsuzlyk ministri Eldar Mahmudow, 19-njy oktýabr, 2015

Azerbaýjanyň öňki milli howpsuzlyk ministri Eldar Mahmudow, 19-njy oktýabr, 2015

Azerbaýjanyň häkimiýetleri Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýedi sany resmisini tussag etdiler.

Ministrligiň ýolbaşçysynyň wezipesinden boşadylmagynyň yzýany tussag edilen resmiler wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplandylar.

Bu tutha-tutluklar Azerbaýjanyň prezidenti Ilham Aliýewiň hökümetiniň oppozision toparlara, garaşsyz media we ýurduň syýasy durmuşyna gözegçiligini güýçlendiren wagtyna gabat geldi.

Baş prokuratura resmileriň “biznes guramalarynyň durmuşyna bikanun goşulmakda” güman edilip tussag edilendigini 20-nji oktýabrda aýtdy.

17-nji oktýabrda Aliýew Milli howpsuzlyk ministri Eldar Mahmudowy wezipesinden boşatdy. Aliýewiň prezident bolmagynyň yzýany 2014-nji ýylda wezipesine geçen Mahmudow Azerbaýjanyň lideriniň ýakyn ýarany hasaplanýardy.

XS
SM
MD
LG