Sepleriň elýeterliligi

'ÝB' adatdan daşary maslahat geçirer


Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker

Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Jean-Klaude Junker Balkan ýurtlaryndaky migrant krizisini maslahat etmek üçin 25-nji oktýabrda adatdan daşary duşuşygy geçirmäge çagyryşdy.

Junkeriň edarasynyň 21-nji oktýabrda aýtmagyna görä, Awstriýanyň, Bolgariýanyň, Wengriýanyň, Germaniýanyň, Gresiýanyň, Rumyniýanyň, Sloweniýanyň we Horwatiýanyň liderleri Ýewropa Bileleşigine agza bolmadyk Makedoniýanyň we Serbiýanyň ýolbaşçylary bilen duşuşarlar.

Häzirki wagtda uruşdan gaçyp, Günbatar Ýewropa ýurtlaryna aşmaga synanyşýan onlarça müň migrant Wengriýa özüniň Serbiýa we Horwatiýa bilen serhetlerini ýapansoň günbatar Bakan döwletlerinde orta ýolda galdy.

BMG migrantlar akymynyň gowşamagynyň alamaty ýok diýýär.

XS
SM
MD
LG