Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul – mysapyrlar käbesi


Türkiýäniň Stambul şäheri.
Türkiýäniň Stambul şäheri.

Bu şäher iki dünýäniň sepgidinde bina bolupdyr. Soňky ýüz ýyllyklaryň dowamynda, ol türki halklaryň iň gür jemlenen ýerine öwrüldi. Ol dünýäniň örän kuwwatly hem uly döwletlerinden biri Osmanly türkleriň paýtagty bolansoň, onda beýleki milletlerem azlyk etmändir.

Alysdaky şäher

Biziň ilimizde, belki, tutuş sebitde Stambul ýaly köp ýatlanýan şäher az bolsa gerek. Türkmeniň çölünden alysda, dag-deňizlerden aňryda oturan şeýle bir şäheriň bardygyny hemmeler bilipdir.

Stambul bilen baglanyşykly käbir jümle halk ýadyna berk ornapdyr. Olaryň biri „Stambulda” diýen söz.

Bir zat ýok bolsa ýa ony almak, gazanmak mümkin bolmasa: „Ol aýdýanyň Stambulda” diýilýär. Diýmek, ol islenilýän zat gaty alysda bolmaly. Ýeriň aňry çetindäki zady gazamak kyn ýa-da asla mümkinem däl.

Kä halatda Stambul sözi gury ýeriň gutarýan çägini aňladypdyr.

Belki-de, biziň ilimizde bir kontinentiň – Aziýa topragynyň gutarýan çägine ýeriň aňy çeti hökmünde garalandyr. Umuman, çölde ýaşap ýören sada türkmeniň hyýalynda gury ýer Stambulda gutarýan bolmaly.

Bu şäher bilen baglanyşykly ikinji bir köp ulanylýan jümle „Stambula gitdiňmi?” diýen düşünje. Bu hem örän özüne çekiji pikir.

Bir adam bir ýerde köp eglense, wagty bilen yzyna dolanmasa oňa: „Stambula gitdiňmi?” diýilýär. Sebäbi halkda Stambula baran hiç wagt yzyna dolanmaz diýen düşünje bolupdyr. Eger baryp gelişmek mümkinçiligi bolsady, Stambul barada nähilidir syrly jümleler döremän, eýsem hakykat aýdylardy.

Salam göndermek

Bir wagt özi ýa-da ata-babalary biziň toprakdan giden meşhur Garajaoglan öz poeziýasynda „neslimiz Kazan dagyndan“ diýýär. Ol yzyny, gadymy Watanyndaky Gazan daglaryny, ýagny Gazanjygy küýsäpdir.

Şahyrda şeýle setir bar.

Biri gider bolsa, nama göndersem,

„Şuny meniň bir doganma ber“ diýip.

Bu setirler XV11 asyrda döräpdir. Şo zamanda Garagum çölüne tarap gidýän tapylmadyk bolarly. Elbetde, gatnaşyk bolandyr. Eger gatnaşyk bolmasa, halk arasynda Stambul bilen baglanyşykly düşünjeler ýaşamazdy. Garajaoglanyň goşgulary bolsa Türkmenistanda aýdym edilip aýdylmazdy.

Täze döwürde

Örän geň bolsa-da, ýagdaý biziň günlerimizde-de şeýleräk. Bu şähere gelýän köp, yzyna dolanýan az. Uzyn suw atly iki deňzi birleşdirip duran we iki dünýäni bölýän täsin bogaza ýetip, üsti arçaly-injirli daglary, ägirt uly şäheri göreniňde, nädip yzyňa dolanjak?

Elbetde, bu ýer mysapyrlar üçin Käbe bolsa-da, Jennet däl. Megerem, Jennete-de, dowzaha-da ýol şu ýerden başlanýandyr. Milletiň görmedik, bilmedik ýerini gowy saýmak, şol ýer ganymatdyr diýip pikir etmek endigi bar.

Stambul sada halkyň nukdaýnazaryndan erkinlik hem giňlik merkezi bolupdyr. Başgaçarak mümkinçilik agtarýanlar, öz durmuşyny özgertmek islänler, dogduk ýurdunda iş hem şert tapmadyklar Stambula gidipdir.

Bu şähere bagt gözläp gelýänlerem az däl. Ol örän uly şäher, ýöne şonda-da onça milleti bagta ýetirerden ejiz.

Stambul şu günki günde-de şeýle. Her halda, şäher adamlara erkinlikmi, gazanç üçin şertmi, garaz, bir zatlar berýän bolsa gerek. Oňa gelýäniň yzy üzülenok.

Giň dünýä

Onsoňam bu ýere ýeteniňde, bir düşünjäniň nädogrudygyna göz ýetirýärsiň. Stambul ýeriň guratýan çägi däl, uly dünýäniň başlangyjy. Ol giň älemiň gapysy. Şu ýerden bütin äleme ýol başlanýar. Şonuň üçin bu ýere ýetip bilen yzyna dolanmaýan bolsa gerek.

Bu ýere gelen türkmenler edil suwa oklanan daş ýaly, uly milletiň arasyna siňip gidýär. Şol ýitgi yzygiderli gaýtalanmadyk bolsa, “Stambula gitdiňmi?” diýen düşünje ýaşap bilmezdi.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG