Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa: Anti-migrant çykyşlar artýar


Germaniýanyň "Pegida" ady bilen tanalýan anti-migrant hereketiniň tarapdarlary.
Germaniýanyň "Pegida" ady bilen tanalýan anti-migrant hereketiniň tarapdarlary.

Üstümizdäki hepde Germaniýanyň "Pegida" ady bilen tanalýan anti-migrant hereketi özüniň bir ýyllygyny belläninde Drezden şäherinde Ýewropanyň bosgunlar bilen bagly barýan çekişmesiniň iki garşylykly ugry duşuşdy.

Immigrasiýa reformalaryny talap edip, bosgunlaryň gelmegine "günbataryň yslamlaşmagy" diýip garaýan ”Pegidanyň” tarapdarlary 19-njy oktýabrda bu toparyň dörän şäherinde ýygnanyşyk geçirdiler. Olaryň aglabasynyň elinde Germaniýanyň milli ýa regional baýdaklary, käbirleriniň elinde hem immigrasiýanyň tarapyny çalýan kansler Angela Merkeli "Ýewro-nasist" diýip suratlandyrýan plakatlar bardy.

12 aý mundan ozal ”Pegidanyň” gurnan ýörişine gatnaşanlaryň sany zordan 2 müňe baran bolsa, bu gezekki ýörişde olaryň sany has ýokary boldy.

Antimigrant partiýalara berilýän goldawlar artýar

”Pegida” garşy gurnalan demonstrasiýa bolsa 14 müň töweregi adam gatnaşdy. Bularyň köpüsi Merkeliň uruşdan gaçyp gelýän bosgunlara pena bermek baradaky açyk gapylar syýasatyny goldaýan adamlar. Käbirleri hem Köln şäheriniň täze saýlanan häkiminiň bosgunlar baradaky aladalary sebäpli pyçaklanmagyna protest bildirmek üçin demonstrasiýa gatnaşanlar.

Sentýabr aýyndan başlap, hepdede on müňlerçe bosgunyň we beýleki migrantlaryň Germaniýa gelmeginden gözbaş alan häzirki krizis syýasy sagçylary täzeden direldene meňzeýär.

Bu ugry Ýewropanyň ýüz müňlerçe bosgunlaryň agyr günden gaçyp baran beýleki ýerlerinde hem görmek bolýar. Bu ýerlerde hem çet ýurtlulara duşmançylykly garaýan partiýalara berilýän goldaw gitdigiçe artýar.

Käbir halatlarda milletçileriň we sagçy partiýalaryň gazanýan utuşy saýlawlardan gelip çykýar.

"Immigrasiýa garşy"

Şweýsariýada 18-nji oktýabrda migrasiýa meselesi baradaky çekişmäniň agdyklyk etmegi bilen geçen parlament saýlawlarynda ýurduň antiimmigrasion "Halk partiýasy" sesleriň 30 prosente golaýyny gazandy.

Awstriýada hem ençeme ýyl bäri "immigrasiýa garşy" we "yslamlaşyga garşy" platformada kampaniýa alyp barýan "Erkinlik partiýasy" Wenada oktýabrda häkimlik ugrundaky ýaryşda hem-de ýokary Awstriýada sentýabrda geçen ýerli saýlawlarda 30 prosentden agdyk ses aldy.

Syýasy analitikleriň bellemegine görä, sagçy partiýalar antimigrasiýa şygarlary bilen saýlawçylarda jemgyýet çalt özgerýär, gadymdan gelýän milli kimlik ýitip barýar diýen gorkyny oýarýarlar.

"Sagçy partiýalar migrasiýa meselesinden peýdalanmaga synanyşýarlar, Ýewropada yslama gezek gelende olar gorkudan peýdalanýarlar" diýip, Berlinde ýerleşýän Friederik-Ebert fondunyň sagçy ekstremizim boýunça eksperti Ralf Melzer aýdýar.

“Germaniýa bizi mejbur etjek bolýar"

Melzer: "Olaryň saýlawçylary özlerine çekip, öz täsirlerini artdyrmak üçin edýän synanyşyklarynyň esasy temasy şu ikisi" diýip, sözüniň üstüne goşýar.

Barha güýçlenip gelýän sagçy partiýalaryň aglabasy öz ýurtlarynda syýasy durmuşyň uç-gyrasynda kiçi toparlanyşyklar bolup işe başlapdylar. Ýöne olar indi saýlawlarda üstünlik gazanmak bilen jemgyýetiň esasy akymyna aralaşyp, öz ýurtlaryndaky orta-sol partiýalara kynçylyk döredýärler.

Häzirki migrant krizisi köp zatlaryň nähili gowşakdygyny görkezdi. Kansler Merkeliň sentýabrda öz ýurdunyň siriýaly bosgunlary oňat garşylajakdygyny aýdanda Ýewropada muny köpler öý-owzaryny uruşda ýitiren adamlara bildirilýän öwgä mynasyp raýdaşlyk diýip garadylar.

Ýöne bu diňe Germaniýanyň gowşak milletçi partiýalaryny däl, eýse olaryň beýleki ýurtlardaky has güýçli egindeşlerini-de gahar-gazaba mündürdi.

Fransiýanyň ”Milli Frontunyň” başlygy immigrasiýa çäklendirilmeli diýýän Marine Le Pen 6-njy sentýabrda bir üýşmeleňde: "Germaniýa biziň diňe ykdysadyýetimiziň üstünden höküm sürmek islänok, ol bizi ýüz müňlerçe bosguny kabul etmäge hem mejbur etjek bolýar" diýdi.

Le Pen ýygy-ýygydan Berlini Ýewropa Bileleşiginiň alyp barýan syýasatyny öz bähbidine görä şekillendirmäge synanyşýanlykda aýyplaýar.

Ýewropa Bileleşiginiň serhet gullugy "Fronteks" 13-nji oktýabrda üstümizdäki ýylyň deslapky dokuz aýynda Bileleşigiň daşky serhetlerinden 710 müňden agdyk migrantyň içeri girendigini aýtdy. Tutuş geçen ýylyň dowamynda bolsa gelenleriň sany 282 müň adam bolupdy.

XS
SM
MD
LG