Sepleriň elýeterliligi

Kreml: Putin Assad bilen duşuşdy


Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmak üçin 20-nji oktýabrda giçlik Moskwa bardy. Putin Siriýanyň režiminiň iň güýçli halkara goldawçysydyr.

Kremliň metbugat wekili Dmitriý Peskow Assadyň “iş sapary” bilen agşamara Moskwa gelendigini aýtdy.

Siriýanyň döwlet telewideniýesi Assadyň 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek ýurduň daşyna sapar edýändigini habar berdi. Sebäbi agzalýan senäniň edil öň ýanynda Siriýada-da “Arap bahary” diýlip atlandyrylýan demokratik häsiýetli gozgalaňlar başlanypdy.

21-nji oktýabrda Siriýanyň döwlet radiosy, ýurduň prezidentiniň edarasyna salgylanyp, Assadyň eýýäm Damaska dolanyp barandygyny aýtdy.

Gepleşikler

Siriýanyň uzak wagtdan bäri harby ýarany Russiýa geçen aý Assady goldamak maksady bilen howa zarbalaryny amala aşyryp başlady. Şol bir wagtda Moskwa Birleşen Ştatlaryň we günbatar resmileriniň Siriýadaky graždanlyk urşunyň tamamlanmagy üçin ýeke-täk diplomatik çäräniň Assadyň häkimiýetden aýrylmagy diýen pikirini ret edip, onuň häkimiýetde galmalydygyny tekrarlap gelýär.

Peskow 20-nji oktýabrda Putin bilen Assadyň arasynda geçirilen gepleşiklerde “terrorçy toparlara” garşy Orsýet bilen Siriýanyň bilelikdäki harby kampaniýasy we Siriýada Orsýetiň howa zarbalarynyň dowam etmegi ýaly meseleleriň maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şeýle-de, onuň aýtmagyna görä, Assad Siriýanyň hökümet güýçleriniň planlary barada Putine maglumat beripdir.

Russiýanyň telewideniýesi Putiniň ýurduň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we goranmak ministri Sergeý Şoýgunyň gatnaşmagynda Assaddyr onuň ýokary derejeli maslahatçylarynyň biri bilen duşuşyk geçirýän pursadyny görkezdi.

Howa zarbalary

Kremliň 21-nji oktýabrda beren maglumatyna görä, Putin Assada asly öňki sowet respublikalaryndan bolan 4 müň çemesi adamyň häzirki wagtda Siriýanyň hökümet güýçlerine garşy söweşýändigini aýdypdyr.

Kreml Putin Assada şol adamlaryň Siriýada uruş tejribelerini edinensoňlar, Russiýa gaýdyp gelmegine ýol berip bilmejekdigini aýtdy diýdi.

Bahreýni, Iordaniýany, Katary, Saud Arabystanyny we Birleşen Arap Emirliklerini öz içine alýan Birleşen Ştatlaryň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerini we “Al-Kaýda” hereketi bilen ilteşikli “Horasan” toparynyň we “Al-Nusra” frontunyň jeňçilerini nyşana alyp, howa zarbalaryny amala aşyryp başlapdy.

Moskwa Orsýetiň üç hepde dowam eden howa zarbalarynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň we Siriýada hereket edýän beýleki halkara terroristleriň nyşana alnandygyny tekrarlaýar.

Emma Birleşen Ştatlar Orsýetiň hüjümlerinde köplenç Siriýanyň oppozision aram yslamçy söweşijileriniň nyşana alnandygyny aýdýar. Bu oppozision söweşijiler bir wagtda “Yslam döwleti” we “Al-Kaýda” atly toparlaryň jeňçilerine hem-de Assadyň režimine garşy söweşýärler.

XS
SM
MD
LG