Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Hökümet ilatyň hasabyna býujeti doldurýar"


Türkmenistanyň köçeleriniň birinde gök-bakça önümini satýan gartaşan zenan.
Türkmenistanyň köçeleriniň birinde gök-bakça önümini satýan gartaşan zenan.

Türkmenistan 2016-njy ýylyň döwlet býujetiniň üstüni ýetirmek üçin girdeji çeşmeleriniň biri hökmünde döwlet fondunyň obligasiýa görnüşindäki gymmatly kagyzlaryny satmagyň hasabyna doldurmagy göz öňünde tutýar.

Resmi maglumatda bellenişine görä, 16-njy oktýabrda geçirilen hökümet maslahatynda agzalan bu çäre bilen döwlet zaýomlaryny, ýagny döwletiň içerki algy-bergi bank biletlerini çykarmak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanda döwlet zaýomlary sowet döwründe dolanyşykda bolupdy. Içerki algy-bergi kagyzlarynyň girizilmegi döwlete näme berýär?

Azatlyk Radiosy bu soragy orsýetli ykdysadyýetçi, ”RosBiznessKonsalting” agentliginiň analitika departamentiniň müdiri Aleksandr Ýakowlewe berdik.

Azatlyk Radiosy: Döwlet zaýomlary, ýagny içerki algy-bergi bank kagyzlarynyň çykarylmagy döwlete näme berýär?

Aleksandr Ýakowlew: Nämä gerek diýlende, bu býujetiň üstüni ýetirmek ýa-da býujetdäki deşikleri ýamamak üçin ilatyň puluny çekmegiň giňden ýaýran bir usulydyr. Bu usul, haçan-da daşarky bazarlardan we içerki bazaryň kwalifisirlenen maýa goýujylaryndan netijeli karz almak başartmadyk halatynda ulanylýar. Adatça, şeýle ýagdaýda ilata ýüz tutulýar.

Bu ýagdaý hökümetiň ilatyň pulunyň hasabyna döwlet býujetiniň difisitiniň, ýagny ýetmeziniň öwezini dolmak isleýändigini görkezýär. Şeýle ýagdaýda türkmen hökümetiniň daşary we içerki bazarlardan maýa goýumlaryny gazanmakda kynçylyk çekýändigini we bu meselä ýönekeý raýatlary çekmek arkaly, olaryň döwlet zaýomlaryny satyn alyp, maýa ýatyrmagyna isleg bildirýändigini çak etse bolar.

Azatlyk Radiosy: Döwlet zaýomlarynyň ilatyň arasynda ýaýradylmagyna degişli tejribeler Sowet Soýuzynda hem bolupdy. Bu nähili netije beripdi?

Aleksandr Ýakowlew: Sowet Soýuzy bu usuldan aktiw peýdalanýardy. Uly möçberde gymmatly kagyzlar çap edilýärdi, zaýomlar ilatyň arasynda ýaýradylýardy. Olaryň ençemesi ilatda şu çaka çenli hem saklanýar. Şol döwlet zaýomlary ilatyň pulundan peýdalanmagyň guraly hökmünde giň derejede ulanylýardy. Bu Ikinji jahan urşundan soň aktiw girizilen maliýe guralydy. Zaýomlar 1950-1960-njy ýyllarda hem aktiw çykarylýardy. Sowet raýatlary olary satyn alýardy, zaýomlar belli bir şertlerde girdeji hem getirýärdi.

Emma gymmatly kagyzlaryň ýaýradylmagy bagly ýagdaýlar Orsýetde Sowet Soýuzy dargandan soň hem boldy. 1990-njy ýyllaryň aýagynda krizisiň öňüsyrasynda federal zaýom kagyzlary ilata satylypdy, ilat döwletiň gysga möhletli obligasiýalaryny satyn alypdy. Emma bu tejribe gowy netije bermedi. Orsýet içerki bergileri boýunça defolt, ýagny maliýe başarnyksyzlygyny yglan edipdi. Emma bellenmeli ýagdaý, Orsýet şonda özüniň daşary ýurt bergileri däl-de, içerki bergileri boýunça, ýagny öz ilatynyň öňündäki borçlaryny berjaý edip bilmejegini yglan edipdi.

Üstesine, ýaňy-ýakynda Orsýetiň hökümetiniň döwlet tarapyndan ilat üçin elýeterli kagyzlary çykarmak mümkinçiligine ýene-de seredýändigi habar berildi. Diýmek, bu meselede Türkmenistan ýeke däl.

XS
SM
MD
LG