Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sindzo Abe Aşgabada barýar


Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abe
Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abe

Ýaponiýanyň premýer-ministri Sindzo Abe 22-nji we 28-nji oktýabr aralygynda Merkezi Aziýa sapar eder.

'Regnum' agentliginiň Ýaponiýanyň Daşkentdäki ilçihanasyna salgylanyp habar bermegine görä, “saparyň netijesinde Ýaponiýanyň bu ýurtlardaky strategiki proýektlere ýardam bermegine degişli dokumentlere gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Munuň öňüsyrasynda “Türkmengaz” döwlet konserni birnäçe ýaponiýaly şirket bilen gaza baý “Galkynyş” gaz ýatagyny özleşdirmek barada şertli ylalaşyk baglaşdy.

Ýaponiýanyň hökümet baştutanynyň Türkmenistana ilkinji gezek resmi sapar edýändigi habar berilýär.

Türkmenistanyň prezidenti 2009-njy ýylyň dekabrynda we 2013-nji ýylyň sentýabrda Ýaponiýa sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG