Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda ilkinji onlaýn seks dükany açyldy


Täjigistanda ilkinji onlaýn seks dükany açyldy.

Täjigistanda ilkinji onlaýn seks dükany açyldy.

Ilatynyň aglaba köpçüligi musulman bolan Täjigistanda ilkinji onlaýn seks dükany işe başlady.

Dükan hödürlenýän hyzmatyň çäginde, çişirilen ballon manikenlerden wibratorlara çenli dürli görnüşdäki seks oýunjaklaryny birnäçe sagadyň dowamynda alyja ýetirmäge wada berýär.

"sex_shop_tj" atly onlaýn dükanynyň dolandyryjysy Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugyna "Waýber" habarlaşma programmasynyň üsti bilen beren maglumatynda, alyjylara bärkisi 30 minut bilen giç galsa 5 sagadyň içinde buýran harydyny gowşurýandyklaryny aýdýar.

Dükanyň dolandyryjysy müşderileriň şahsy maglumatlarynyň gizlin saklanyp, goralýandygyny aýdýar.

Instagram we Twitter sosial ulgamlarynda hem sahypalaryny açan dükan, ýerleşýän ýeriniň adresini hiç kime açmaýar. Şol bir wagtyň özünde-de paýtagt Duşenbe bilen ýurduň ikinji uly şäheri bolan Hojantda ýaşaýan müşderilerden gelýän islegleriň kabul edilýändigini bildirýär.

70 dollara ýasama seks gelinjik

Howa bilen çişirilýän ýasama maniken gelinjigiň bahasy takmynan 70 dollar. Bu baha bolsa Täjigistandaky ortaça aýlygyň ýarpysyna deň.

Sosial ulgamlarda ýazylan teswirleriň we Duşenbe şäheriniň köçelerinde geçirilen pikir soralyşyklara gatnaşanlaryň käbiri bu ýagdaýyň ruhy gymmatlyklary zaýalajakdygyny öňe sürüp, öz nägileligini bildirýärler. Käbirem bu temada azatlygyň bolmagynyň ähmiýetlidigini nygtaýarlar.

"Indi 21-nji asyrda ýaşaýarys..."

"Biz ýaşlary şeýle näsag endiklerden goramaly. Mekdepde çagaňa şeýle zatlaryň öwredilmegini islemersiň ahyryn" diýip, Muhammet atly okyjy Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň sahypasynda öz pikrini ýazýar.

"Azizow Azizow" diýen diňleýjem ”Odnoklassniki” atly sosial ulgamdaky sahypa "Bu adamlar hassa bolmaly. Derrew lukmana gitsinler, özüni görkezmäge" diýip, teswir galdyrypdyr.

Duşenbäniň ýaşaýjysy Behruz bolsa, indi 21-nji asyrda internet döwründe ýaşalýandygyna ünsi çekip: "Adamlaryň öz ygtyýaryna we arzuw-islegine goşulyşyp bilmersiň. Şeýle-de goşulyşmalam däldir" diýýär.

Başga bir okyjy hem şeýle ýazypdyr: "Hytaýda rezinden ýasalan ýasama maniken gelinlerem gelen bolsa, onda, diýmek, biz indi ähli zady gördük".

Ýöne dini ýolbaşçylar bilen din alymlarynyň garaýşyna görä, seks dükanlary, erotiki oýunjaklar ýaly zatlar adaty maşgala we onuň gymmatlyklaryna garşy urulýan elhenç zarbadyr.

"Ýasama manikenler bilen jynsy aragatnaşyk etmek "zynadyr".

Täjigistanyň yslam uniwersitetiniň professory Mawlawi Abdurahim Karimow adaty durmuşda aýal bilen erkegiň arasynda gatnaşygyň gurulmagynyň tarapdarydygyny aýdýar. Onuň pikriçe, ýasama manikenler bilen jynsy aragatnaşyk gurmak "zynadyr".

Duşenbeli dindar Gobiljon Boýew bolsa seks oýunjaklaryndan peýdalanmagyň yslamy gymmatlyklara ters gelýändigini nygtaýar.

Dünýewi aýratynlyga eýe bolan Täjigistanda iş ýüzünde hökümet baram bolsa, täjik jemgyýetinde mollalar gaty uly täsire hem güýje eýe.

Emma ilkinji seks dükanynyň işe başlamagy indi täjik jemgyýetinde şeýle işler üçin hem orun bardygyny görkezýär.

Dükanyň dolandyryjy ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, seks oýunjaklary biznesine başlamak üçin ýeterlik sanda müşderi bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG