Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almaty: Garaşsyz žurnal ýapyldy


Sudýa Timur Žumamuratow "Adam" neşriniň ýapylmagy barada karary yglan edýär, Almaty, 22-nji oktýabr, 2015
Sudýa Timur Žumamuratow "Adam" neşriniň ýapylmagy barada karary yglan edýär, Almaty, 22-nji oktýabr, 2015

Gazagystan hökümeti tankytlamak bilen tanalýan garaşsyz žurnallaryň birini ýapdy.

22-nji oktýabrda Almaty şäheriniň Medeu etrap sudy “Adam” atly žurnalyň we onuň Facebook sosial ulgamyndaky sahypasynyň dil bilen bagly kanuny bozandygy sebäpli ýapylmaly iýen kararyny yglan etdi.

Almatynyň ýene bir sudy neşirde çap bolan maglumatyň diňe ors dilinde çap bolup, dil bilen bagly düzgünleri bozandygy barada karar çykaransoň redaktorlara jerime salnypdy we žurnal öz işini togtadypdy.

Gazak kanunlary media serişdeleriniň çap edýän maglumatlarynyň azyndan ýarysynyň döwlet dili bolan gazak dilinde çap edilmegini talap edýär.

“Adam” žurnaly mart aýynda işläp başlapdy we 2014-nji ýylyň dekabrynda ýapylan “Adam bol” atly neşriň ornuny tutupdy. Bu neşir Ukrainada sürgünlikde ýaşaýan oppozision aktiwist Aidos Sadykow bilen söhbetdeşligi çap etmeginiň yzýany “propaganda urşunda” aýyplanypdy.

XS
SM
MD
LG