Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Zarbalar keselhana düşdi


Orsýetiň Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Idlib regionynda amala aşyran howa zarbalary meýdan keselhanasyna düşdi we azyndan 12 adamyň, şol sanda medisina işgärleriniň ölümine sebäp boldy, diýip synçy topar 21-nji oktýabrda habar berdi. Londonda ýerleşýän Siriýada adam hukuklaryna syn edýän topar hüjümiň 20-njy oktýabrda bolandygyny aýtdy.

Bu keselhanany dolandyrýan Siriýa-Amerika medisina jemgyýeti (SAMS) keselhananyň “gönüläp nyşana” alnandygyny we iki medisina işgäriniň öldürilendigini Facebook sahypasynda habar berdi.

Guramanyň meýletinçi işgärleri Siriýada, Iordaniýada, Türkiýede we Liwanda medisina kömegini berýärler. Gurama orsýet uçarlarynyň diňe bir Aleppo şäherinde 19-njy oktýabrda iki keselhanasyny ýok edendigini we özüniň näsaglary çykaryp, keselhanalary ýapmaga mejbur bolandygyny aýdýar.

Siriýanyň Habar Agentligi Orsýetiň howa zarbalarynyň Sarminada “terrorçylaryň” edarasyny ýok edendigini habar berdi, emma keselhanany öz maglumatynda agzamady.

XS
SM
MD
LG