Sepleriň elýeterliligi

Näme üçin Assad we Putin Moskwada duşuşdy?


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagdan birinji), Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad (sagdan ikinji).

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (sagdan birinji), Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad (sagdan ikinji).

Orsýet Siriýada bombalamak kampaniýasyna başlaly aradan üç hepde geçer-geçmez, garaşylmadyk sapar bilen Moskwa baran prezident Başar al-Assad Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.

Orsýetiň 30-njy sentýabrdan bäri Assada garşy güýçleri bombalamagy geçen ençeme aýyň dowamynda güýji asgyn gelip, goranyşda bolan režimiň söweş meýdanynda öz pozisiýasyny pugtalandyrmagyna getirdi. Ýöne Assady harby taýdan goldamak Orsýetiň Siriýadaky strategiýasynyň diňe bir bölegi.

Onuň beýleki bölegi halkara gepleşiklerine ýol açyp, Siriýada dowam edýän graždanlyk urşuny soňlamakdan ybarat.

“Ýurduň aýak üstünde galmaga başarnyklydyny görkezýär"

Assadyň Kremle barmagy Moskwanyň diplomatik göçüminiň gaýtadan başlanmagynyň alamaty bolmagy mümkin.

Assad 2011-nji ýylda Siriýada krizis başlaly bäri ýurduň daşyna eden ilkinji saparynda Moskwa barmak bilen özüniň işe ukyply döwlet baştutanydygyny görkezýär.

Bu Assadyň "ýagdaýyň durnuklydygyna azda-kände bil baglaýandygyny, paýtagtda özi bolmasa-da, ýurduň aýak üstünde galmaga başarnyklydyny görkezýär" diýip, Moskwanyň Karnegi merkeziniň analizçisi Nikolaý Kožanow aýdýar.

Kožanowyň bellemegine görä, bu sapar Damaskyň özi üçin hem ähmiýetli. Kožanow muny şeýle düşündirýär: "Assadyň saparynyň Damaskyň özi üçin hem aýratyn ähmiýeti bar. Siriýanyň prezidenti uzak wagtdan soň ilkinji gezek ýurdy terk etdi. Bu onuň ýagdaýyň durnuklydygyna azda-kände ynanýandygyny görkezýär. Beýleki tarapdan bolsa, bu Orsýetiň Siriýadaky howa zarbalarynyň Moskwanyň öňünde goýýan maksadyna ýa-da iň bärkisi Siriýa Arap respublikasyndaky režimiň öz pozisiýasyny güýçlendirmek maksadyna ýetip gelýändigini aňladýar".

Indiki iş

Edilmeli indiki iş Orsýetiň Siriýada täsirleri bolan daşky güýçler bilen gepleşiklere täzeden başlamak hakda güýçli herekete geçmegi bolsa gerek.

Bu hereketiň eýýäm başlanan bolmagy-da mümkin. 21-nji oktýabrda Orsýetiň daşary işler ministrligi daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Siriýa krizisini maslahatlaşmak üçin 23-nji oktýabrda Wenada Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri bilen duşuşmagy planlaşdyrandyklaryny bildirdi.

Siriýa krizisine parahatçylykly çözgüt tapmak barada halkara derejesine ozal edilen tagallalar netije bermedi. Muňa sebäp bolan – geljekki syýasy geçiş döwrüniň bir bölegi hökmünde Assadyň häkimiýet başyndan aýrylyp-aýrylmazlygy baradaky mesele.

Günbatar, Türkiýe we arap döwletleri Assad häkimiýet başyndan gitmeli diýýärler. Orsýet bolsa bu pozisiýany ret edýär.

"Moskwa Assad öz aýaly we ýakyn garyndaşlary bilen Siriýany terk etmeli diýen pikiri Siriýada häkimiýete garşy gozgalaň turaly bäri ret edip gelýär. Assad öz maşgala agzalary bilen Moskwadan pena gözlemeli diýen pikirden maksat ony we maşgalasyny syýasy taýdan ýoldan aýyrmak, şol bir wagtyň özünde-de Siriýanyň prezidentiniň hem aýalynyň howpsuzlygyny kepillendirmek" diýip, Aýlag döwletleri boýunça analiz merkeziniň geňeşçisi Ted Karasik aýdýar.

Putin bilen Assadyň Siriýanyň ýolbaşçysynyň ýurtdaky indiki roly hakda pikir alşan bolmagy ähtimal.

Analizçileriň aglabasy Siriýanyň prezidentiniň häkimiýet başyndan aýrylyp, täze hökümete ýol bermegi barada Putin bilen Assad ylalaşandyr diýen pikirde.

"Orsýetiň ýolbaşçylarynyň uzak möhletli harby operasiýalara gatnaşmaga höwesleriniň ýoklugy belli zat. Ýöne olar operasiýany iň soňky sepgide ýetirmek isleýärler. Soňky sepgit bolsa Orsýet-Siriýa ýaranlygynyň harby taýdan ýeňiş gazanmagy däl-de, eýse Siriýa häkimiýetleri bilen oppozisiýanyň arasynda gepleşik prosesiniň başlanmagy" diýip, Kožanow aýdýar.

XS
SM
MD
LG