Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: Lawrow, Kerri krizisi maslahat edýär


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (cepde) we Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri.
Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow (cepde) we Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri.

23-nji oktýabrda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri Siriýadaky krizisi maslahat edýärler.

Wenada geçirilýän maslahata Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri hem gatnaşýarlar. Bu maslahat 20-nji oktýabrda Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň Moskwa eden saparynyň yzýany geçirilýär. Bu 2011-nji ýylda Siriýa krizisi başlany bäri Assadyň daşary ýurda eden ilkinji saparydyr.

Şeýle-de, Assadyň bu sapary Russiýa Siriýadaky yslamçy söweşijilere we gozgalaňçylara garşy howa zarbalaryny başladandan üç hepde soňa gabat geldi.

Waşington we onuň ýaranlary Russiýany howa zarbalarynda aglaba Assadyň garşydaşlaryny nyşana almakda aýypladylar.

XS
SM
MD
LG