Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Fransiýa: Ýol heläkçiliginde 42 adam öldi


Fransiýanyň Bordo sebiti.

Fransiýanyň Bordo sebiti.

Fransiýanyň günortasyndaky Bordo (Bordeaux) sebitiniň golaýynda awtobus bilen ýük ulagynyň çaknyşmagy netijesinde 42 adam heläk boldy.

Resmileriň aýtmagyna görä, iki ulag çaknyşyp ot alan mahaly başga-da bäş adam ýeňil ýaralanypdyr.

Bu ýol heläkçiligi Bordonyň 57 kilometr gündogarynda ýerleşýän Žirone (Gironde) regionynyň Puisegan (Puisseguin) sebitinde boldy.

50 ýolagçyly awtobus Landes regionyna tarap barýardy. Ýerli media maglumatlaryna görä, ýolagçylaryň aglabasy gartaşan adamlardan ybaratdy.

Häzirki wagtda Afina sapar edýän fransuz prezidenti Fransua Olland (Francois Hollande) ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugynyň işgärleriniň herekete geçendigini we “pajygaly wakanyň özüni sarsandygyny” aýtdy.

XS
SM
MD
LG