Sepleriň elýeterliligi

ABŞ Pakistana çagyryş etdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama (sagda) we Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif. 22-nji oktýabr, 2015 ý. Ak tam, Birleşen Ştatlar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama (sagda) we Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif. 22-nji oktýabr, 2015 ý. Ak tam, Birleşen Ştatlar.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Pakistany, Owganystan bilen Talybanyň arasynda parahatçylyk gepleşiklerini gaýtadan dikeltmek ugrunda ýardam bermäge synanyşýan mahaly, özüniň ýadro ýarag programmasy bilen baglanyşykly töwekgelçilikli we durnuksyzlaşdyrýan ösüşleri amala aşyrmakdan saklanmaga çagyrdy.

22-nji oktýabrda Ak tamda Obamanyň Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif bilen 90 minut dowam eden gepleşikleri Pakistan bilen onuň goňşulary Hindistan we Owganystanyň arasynda dartgynlylyklar artan mahaly geçirildi.

Waşington Pakistanyň täze ýadro ýarag sistemalaryny, şol sanda kiçi göwrümdäki taktiki ýadro ýaraglaryny özleşdirmeginden alada edýär we onuň bu ýaraglary özleşdirmegini çäklendirmäge synanyşýar.

Muňa garamazdan, Pakistanyň resmileri Yslamabadyň öz ýarag programmasyny çäklendirmegi kabul etmejekdigini aýdyp, kiçi göwrümdäki taktiki ýadro ýaraglarynyň Hindistandan amala aşyryljak duýdansyz hüjümleriň öňüni almak üçin zerurdygyny belleýärler.

XS
SM
MD
LG