Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Ýüzlerçe adam protest geçirdi


Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside ýüzlerçe adam protest geçirdi. 22-nji oktýabr, 2015 ý.
Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside ýüzlerçe adam protest geçirdi. 22-nji oktýabr, 2015 ý.

Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside ýüzlerçe adam gürjü hökümetiniň ýurduň iň uly we iň meşhur telekanalyny sem etmäge synanyşýandygyny aýdyp, hökümete garşy ýöriş geçirdi. 22-nji oktýabrda geçirilen bu ýörişler netijesinde ýurtda syýasy krizisiň döremeginden alada edilýär.

Müňe golaý protestçi ýurtdaky “Rustawi-2” telekanalynyň eýeçiligi bilen baglanyşykly dowam edýän kanuny söweş sebäpli metbugat azatlygyna basyş ýaly bolup görünýän çärä garşy protest geçirdi. Gürjü hökümeti gürrüňi edilýän telekanaly ýurduň esasy oppozision partiýasynyň maglumatlaryny ýaýratmaga ýardam bermekde aýyplaýar.

Protestçiler “Rustawi-2 telekanalyndan eliňizi çekiň!” we “Rustawi-2 halkyň telekanaly” diýen plakatlary göterip ýöriş geçirdiler. Bu waka gürjü prezidenti Giorgi Margwelaşwiliniň döwlet telewideniýesinde çykyş edip, halky asudalyga çagyrmagyna sebäp boldy.

XS
SM
MD
LG