Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Partlamada polisiýa ofiseri öldi


Müsüriň demirgazygyndaky el-Ariş sebitiniň Sinai şäherinde ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partlamagy netijesinde bir polisiýa ofiseri öldi we üç esger ýaralandy.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, 23-nji oktýabrda amala aşyrylan partlamada barlag-gözegçilik nokadyna barýan ýaragly ulag nyşana alnypdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini henize çenli hiç bir topar öz üstüne almady.

2013-nji ýylda yslamçy prezident Mohammad Morsi häkimiýetden agdarylany bäri “Yslam döwleti” atly toparyň Sinai şäherinde ýerleşýän bölümleri we beýleki söweşiji toparlar aglaba howpsuzlyk güýçlerini nyşana alyp, onlarça hüjümi amala aşyrdylar.

XS
SM
MD
LG