Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaponiýa Merkezi Aziýa degişli ‘aladalary gozgamaly’


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe
Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe

Ýaponiýanyň premýer-ministriniň merkezi aziýa ýurtlaryna edýän sapary regionda adam hukuklarynyň alada döredýän ýagdaýlaryna howatyrlanma bildirmek we bu ugurdaky reformalaryň möhümdigini nygtamak üçin gowy bir mümkinçilikdir diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Human Rigths Watch guramasynyň ýaýradan beýanatynda bellenilýär.

Premýer-ministr Şinzo Abeniň saparynyň öňüsyrasynda Human Rigths Watch guramasy Merkezi Aziýanyň lideleriniň öňünde goýulmaly meseleleriň sanawyny düzdi. Olaryň arasynda: syýasy matlap bilen yzarlamak; adam hukuklaryny goraýanlygy we graždan aktiwligi üçin türmä basmak; azat media we hökümete degişli bolmadyk guramalara basyş etmek ýaly ýagdaýlar hem agzalyp geçilýär.

“Merkezi Aziýa liderleri, şeýle-de olaryň sebitde adam hukuklary boýunça iş alyp barýan köpsanly pidalary Ýaponiýanyň öz hyzmatdaşlary bilen ýöredýän syýasatynda adam hukuklarynyň esasy orun tutýandygyny eşitmeli. Abe öz saparynyň dowamynda oňaýly hyzmatdaşlyk üçin reformalaryň gerekdigini açyk aýdyň etmeli” diýip, Human Rigths Watch guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Weronika Szente Goldston belledi.

Gepiň gerdişine görä ýatladyp geçsek, Şinzo Abe 22-28-nji oktýabr aralygynda Merkezi Aziýanyň her bir döwletine sapar eder. Türkmenistandan başlanýan bu sapar 2006-njy ýyldan bäri Ýaponiýanyň hökümet baştutanynyň sebite edýän ilkinji saparydyr.

Human Rigths Watch guramasy premýer-ministr Abeniň 2003-nji ýylda eden çykyşynda “[Ýaponiýanyň] daşarky diplomatiýasynyň azatlygyň, demokratiýanyň, adam hukuklarynyň we kanunyň hökmürowanlygynyň esasynda alnyp baryljakdygy” baradaky eden belliklerine hem ünsi çekýär.

“Adam hukuklaryny sylaýan, açyk maglumatlary berip bilýän, öz jogapkärçiligini duýýan döwletler sermaýaçylar üçin has özüne çekijidir. Bu saparyň dowamynda uzak wagtdan bäri soňa goýlup gelinýän reformalaryň amala aşyrylyp başlanmagy Merkezi Aziýa döwletleriniň öz bähbidine boljakdygyny we Ýaponiýanyň muňa uly ähmiýet berýändigini mälim etmek üçin gowy bir pursatdyr” diýip, Szente Goldston nygtaýar.

XS
SM
MD
LG