Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: “Orsýetiň zarbalary” keselhana düşdi


Siriýa: “Orsýetiň zarbalary” keselhana düşdi

Siriýa: “Orsýetiň zarbalary” keselhana düşdi

Moskwa Siriýada dört ýyl bäri dowam edýän konfliktiň öz islegine görä soňlanmagy üçin syýasy çözgüt ugrundaky tagallalaryny güýçlendirýärkä, Orsýetiň howa zarbalarynyň biriniň Siriýanyň demirgazyk-günbatarynda bir meýdan keselhanasyna gönükdirilip, bärsinden 13 adamyň öldürilendigi habar berildi.

Londonda ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary baradaky synçy topary zarbanyň 20-nji oktýabrda Idlip welaýatynyň Sarmin şäherinde amala aşyrylandygyny bildirdi.

Bu keselhanany dolandyrýan Siriýa-Amerika medisina jemgyýeti (SAMS) keselhananyň “göni nyşana” alnandygyny we iki medisina işgäriniň öldürilendigini aýtdy.

SAMS günorta Aleppoda (Halapda) diňe iki keslehananyň bardygyny we ors howa zarbalarynyň 19-njy oktýabrda bulary nyşana almagy netijesinde özleriniň näsaglary çykaryp, bu keselhanalary ýapmaga mejbur bolandyklaryny aýdar.

Oppozision söweşijiler

Siriýanyň Habar Agentligi bolsa keselhanany agzaman, Orsýetiň howa zarbalarynyň Sarminde “terrorçylaryň” baş ştabyny ýok edendigini habar berdi.

Siriýanyň adam hukuklary baradaky synçy toparynyň başlygy Rami Abdel-Rahmanyň aýtmagyna görä, Moskwa 30-njy sentýabrda Siriýada howa zarbalaryna başlaly bäri Orsýetiň uçarlary Sarmini birnäçe gezek nyşana alypdyrlar.

Moskwa "Yslam döwleti" atly toparyň jeňçilerine we özüniň "terroristler" diýip atlandyrýan beýleki toparlara zarba urýandygyny aýdýar.

Siriýanyň oppozision güýçleri bilen günbatar döwletleri bolsa Orsýet bombalamak kampaniýasyny "Yslam döwleti" toparyna degişli däl nyşanalara, şol sanda günbatar tarapyndan türgenleşdirilip, ýaraglandyrylan oppozision söweşijilere garşy gönükdirýär diýýärler.

Assadyň sapary

20-nji oktýabrda adam hukuklary baradaky synçy topar Orsýetiň öz howa zarbalary bilen şu wagta çenli azyndan 370 adamy öldürendigini aýtdy. Bularyň 127-si parahat ilatdan. Olaryň 36-sy çagalar, 34-si aýallar.

Şol bir wagtda-da Siriýanyň prezidenti Başar al-Assad garaşylmadyk sapar bilen 20-nji oktýabrda Moskwa bardy.

Siriýada 2011-nji ýylyň mart aýynda agzalýan krizis başlaly bäri Assadyň ýurduň daşyna eden ilkinji saparynda Putin, ony myhman edinmek bilen, konfliktiň aralyk çözgüdinde Assadyň hem paýy bolmaly diýmek isleýäne meňzeýär.

Ors prezidenti Siriýa prezidenti bilen telewideniýede 21-nji oktýabrda görkezilen duşuşygynda şeýle diýdi: "Siriýadaky konfliktiň çözgüdi barada biz, harby işleriň gidişindäki oňaýly dinamika esaslanyp, uzak möhletli çözgüde diňe syýasy proses arkaly ýetip bolar diýip pikir edýäris. Bu barada gutarnykly karary bermeli siriýa halkynyň diňe özi".

Duşuşykda Assad hem Putine minnetdarlyk bildirip, Orsýetiň harby taýdan ara goşulmagyny taryplady: "Siriýanyň bütewüligini we garaşsyzlygyny gorany üçin, men ors ýolbşçylaryna minnetdar. Iň möhümi-de bu işleriň ählisiniň halkara hukugynyň çäginde bolup geçýänligi" diýip, Assad aýtdy.

"Biziň pozisiýamyz belli”

Siriýa oppozisiýasynyň esasy goldawçylary Saud Arabystany bilen Türkiýe. Bular Moskwanyň Damask režimini goldamagyny tankytlap, Siriýanyň geljeginde Assadyň paýy bolup bilmez diýýärler.

Türkiýäniň premýer-ministri Ahmed Dawutoglu 21-nji oktýabrda Ankarada žurnalistlere şeýle diýdi: "Biziň pozisiýamyz belli. Assad bilen [täze hökümete] geçiş döwri bolup bilmez. Assadyň gitmegini kepillendirjek geçiş [taslamasy] gerek. Biz ünsümizi Assadyň gitmegi baradaky ýollara gönükdirmeli. Öz halkyna munça zulum eden bir hökümetiň gaýtadan kanuny bolmagyna ýol ýok. Şol sebäpden ähli toparlaryň - musulmanlaryň, hristianlaryň, sünnüleriň, alawylaryň, araplaryň, kürtleriň we siriýaly türkmenleriň - ylalaşygy bilen geçiş döwri güýje girmeli" diýip, Dawutoglu aýtdy.

22-nji oktýabrda Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier Orsýetiň ara goşulmagy netijesinde Siriýada barýan söweşe çözgüt tapmagyň çylşyrymlaşandygyny belledi.

Amerikanyň döwlet sekretary Jon Kerri bilen Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň Siriýadaky krizisi maslahatlaşmak üçin 23-nji oktýabrda Wenada Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň daşary işler ministrleri bilen duşuşmagy planlaşdyryldy.

Lawrow 22-nji oktýabrda Siriýa baradaky gepleşiklere Assadyň režiminiň esasy goldawçysy bolan Eýran, şeýle hem Müsür, Iordaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri we Katar gatnaşmaly diýip teklip etdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG