Sepleriň elýeterliligi

Russiýanyň "owgan howpy" we Türkmenistan


Rus goşunlary täjik-owgan serhedine gözegçilik edýärler.

Rus goşunlary täjik-owgan serhedine gözegçilik edýärler.

Owganystanyň demirgazygynda howpsuzlyk ýagdaýlary soňky günlerde hasam ýaramazlaşdy. Mundan birnäçe gün ozal söweşijiler ýurtda “Talyban” režimi agdarylandan soňra ilkinji gezek bir welaýaty basyp aldylar.

Basylyp alnan Gunduz welaýaty Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýärdi. Ol welaýat birnäçe günden soňra hökümet güýçleri tarapyndan yzyna gaýdyp alnan hem bolsa, dartgynlylyk türkmen serhediniň golaýda gyzgalaňly dowam edýär.

Edil häzirki gün Owganystanyň wise-prezidenti general Raşit Dostumuň ýolbaşçylygynda türkmen-owgan serhedinde operasiýalar alnyp barylýar.

Bu ýagdaýlar demirgazyk Owganystana köpçülik bolup ýerleşen “Özbegistanyň Yslam hereketi” atly terroristik guramasynyň “Yslam Döwleti” atly terror toparyna goşulýandygyny yglan etmeginiň yzýanyna gabat gelýär.

Demirgazykda howpsuzlyk ýagdaýlarynyň has erbetleşýän häzirki döwürde, Orsýet bolsa Owganystandaky söweşijileriň Merkezi Aziýa howp abandyrýandygyny aýdyp, serhedi goramak boýunça ýörite güýjüň döredilmegini teklip edýär.

Emma, Türkmenistan bolsa Owganystan bilen serhediniň asudadygyny aýdyp, serhediniň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli agzalmagyna hem garşy çykyp gelýär. Şol bir wagtyň özünde-de öz serhedi barada Türkmenistanyň nähili çäreler görýändigi hem o diýen aýdyň däl.

Azatlyk Radiosynyň “Mejlis” atly ýörite gepleşiginiň bu sanynda demirgazyk Owganystandaky ýagdaýlar, bu ýagdaýlar sebäpli Orsýetiň öňe sürýän teklipleri we onuň döredip biläýjek netijeleri barada gürrüň edilýär.

Programmanyň myhmanlary

Mustafa Bag: Euronews telekanalynyň Owganystandaky habarçysy;

Dr. Dawid Lewis: Exter Uniwersitetiniň professory we halkara Krizis toparynyň Merkezi Aziýa boýunça öňki direktory;

Brýus Panniýer: Azat Ýewropa we Azatlyk radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça habarlar çap edýän “Qishloq Ovozi” blogunyň redaktory.

Programmany Azatlyk radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar

Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG