Sepleriň elýeterliligi

Şinzo Abe Aşgabada bardy


Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe.

Ýaponiýanyň premýer-ministri Şinzo Abe resmi sapar bilen 22-nji awgustda giçlik Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada bardy. Bu ýapon premýer-ministriniň Türkmenistana edýän ilkinji saparydyr.

Türkmenistan we Ýaponiýa, iki ýurduň arasynda birek-birege hormat goýmak we ikitaraplaýyn ynama esaslanýan gatnaşyklaryň giňemegi we güýjemegi babatynda Aşgabatda geçirilýän duşuşyga uly umyt baglaýar diýlip, türkmen metbugatynyň 23-nji oktýabrda çap eden maglumatynda bellenilýär.

Ýapon premýer-ministriniň 22-nji oktýabrda Merkezi Aziýa başlan saparynyň 28-nji oktýabra çenli dowam etjekdigi habar berilýär. Onuň bu saparynyň çäginde Täjigistana, Özbegistana, Gyrgyzystana we Gazagystana barmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG