Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz gaçgagy öldürildi


Altynbek Itibaýew
Altynbek Itibaýew

Gyrgyzystanyň polisiýasy türmeden gaçan yslamçy söweşijidigi çaklanylýan tussagy atyp öldürdi. Içeri işler ministrligi Bişkegiň eteginde ýüze çykan ok atyşykda bir polisiýa işgäriniň we parahat ilatdan iki adamynyň öldürilendigini mälim etdi.

Mundan öň şu ýylyň iýul aýynda hem polisiýa bilen söweşijileriň arasynda iki gezek ok atyşyk bolup geçipdi.

Ministrligiň metbugat wekiliniň beren maglumatyna görä, adam öldürmekde we beýleki jenaýatlarda aýyplanýan Altynbek Itibaýew üçgatly jaýyň iň ýokarky gatyna çykyp, polisiýa garşy ot açyp başlapdyr.

Polisiýa resmisi ok atyşygyň dowamynda parahat ilatdan iki adamynyň we bir polisiýa işgäriniň heläk bolandygyny-da habar berdi.

Itibaýew 2014-nji ýylda yglan edilen amnistiýa düşüp, türmeden boşadylypdy. Emma iýul aýynda howpsuzlyk güýçleri Bişkekde alty söweşijini atyp öldürenden soň, ol ýene tussaglyga alyndy. Ol öldürilen jeňçileriň toparynyň agzasy bolmakda aýyplandy.

Şu aýyň 11-ne ol özüniň sekiz sany ýarany bilen bilelikde üç sakçyny öldürip, türmeden gaçmagy başarypdy. Türmeden gaçanlaryň bäşisi soňky bir sagadyň dowamynda ele salynsa-da, Itibaýew we beýleki üç gaçgagy tutmak başartman gelýärdi.

22-nji oktýabrda gyrgyz polisiýasy türmeden gaçanlaryň ikisini öldürdi, birini hem tussag etdi.

Türmeden gaçan dessine gaýtadan tutulan bäş tussagyň üçüsi polisiýanyň jaýynda öldi. Ýerli häkimiýetler olaryň ikisiniň ýürek agyrysy sebäpli aradan çykandygyny, beýlekisiniň bolsa derňewiň dowamynda ölendigini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG