Sepleriň elýeterliligi

Ýadygärlik


Mäne obasyndaky Atabaýew köçesi.

Mäne obasyndaky Atabaýew köçesi.

Türkmenistanda, hususan onuň paýtagyty Aşgabatda ýadygärlik az däl. Olardan käbiri dünýäni haýran galdyrýar. Owallar bu ýurduň şeklii haly nagyşlary bolupdy, soňky ýyllarda paýtagtda dörän ýadygärlik bu ýurdy dünýä tanadyp başlady.

Günbataryň syýahat merkezleri ol ýadygärlikleriň suratyny ünsi çekiji bir aýratynlyk hökmünde peýdalanýarlar.

Zerurlyk

Ýadygärlik many-mazmyny boýunça her dürli bolup bilýär. Şolardan iň möhümrägi halkyň taryhyny hem medeniýetini görkezýänleri bolsa gerek.

Geçen asyrda Aşgabatda taryhy ýadygärlikleriň ençemesi döredildi. Ýöne asyryň aýagynda, olaryň birnäçesi ýykylyp ýok edildi. Taryh ýa-da döwür belli şahslara, hatda olaryň ýadygärligine-de örän ýowuz daraşdy.

Nähili-de bolsa, ýadygärlik taryh üçin durmalydy hem saklanmalydy. Sebäbi Türkmenistan döwletini döredenleri taryhdan aýyrmak mümkin däl. Häzirki uly baýramyň üstünde, Türkmenistan döwletini esaslandyran şahslardan, iň bolmanda birini ýatlamak gerek.

Täze döredilen hökümetiň ilkinji baştutany, ýurduň döwlet bolmagy ugrunda göreşenleriň biri Gaýgysyz Atabaýew göz öňüne gelýär.

Aglaýan gözler

Atabaýew köçesiniň gutarýan ýerinde, häzirki Prezident köşgüniň alnyndaky meýdançanyň ileri burçunda ýadygärlik bardy. Ýadygärlik örän şowly hem gowy edilen işlerden biri bolsa-da, daş-töwereginde abadanlaşyk işleri geçirilmändi. Şeýle-de bolsa, ol ýadygärlikden gözüňi sowrmak mümkin däldi.

Gaýgysyz Atabaýew

Gaýgysyz Atabaýew

Halk köpçüligi Gaýgysyz Atabaýewe döredilen ýadygärligi halaýardy. Ony zehinli heýkeltaraş Mommy Seýitmyrat döredipdi, arhitektory H. Romanidi bolmaly. Gaýgysyzyň kesä bakyp duran ýüzi hem käse ýaly balkyldap duran gözleri diýseň manylydy. Gapdalda bolsa onuň ömrüniň iň gysga beýany «1887-1937» diýen ýazgy bardy. Sähel ygal bolanda, Gaýgysyzyň gözleri çygdan dolup, nähilidir aglap durdy. Gaýgysyzyň gözlerine biparh garamak mümkin däldi.

“Ol öz halkynyň düşün ýören ýagdaýyna aglaýar” diýip gürrüň edýärdiler.

Şeýle ýadygärligi ýykmaga girişdiler. Ony aýyrmaga bir gijäniň wagty ýetmän, ertesi hem soňky günleri traktor bilen ýykdylar.

G. Atabaýewiň kellesini aýratyn döwüp aýyrdylar. Ony Mommy Seýitmyrat ussahanasyna getirip goýdy.

Boş wadalar

Köpçüligiň, iň bolmanda öňde baryjy toparlaryň arza-şikaýatyndan çekinen resmiler G. Atabaýewiň ýadygärligi üçin, täze ýer beriljek diýip wada etdiler.

Heýkeltaraş bu edilen işe diýseň gynandy. Şol wagtyň özünde-de, öz-özüne göwünlik berýärdi.

– Men muny döredenimde armanly bolupdym. Isleýän zadymy edip bilmändim. Resmiler sözünde dursalar, indi göwün islegimi döredip bilerin. Ol diňe ýadygärlik däl, tutuş kompleks bolar. Ony üýtgeşik ýadygärlik ederin – diýýärdi.

Resmileriň sözüne eýerip, Mommy Seýitmyrat Atabaýew köçesiniň başlanýan ýerinde, dosty Nurberdi Nurmämmediň kömegi bilen ölçeg işlerini geçirdi. Ýadygärligi nähiliräk döretjegini çak-çen etdi. Ýöne takyk görkezme, has dogrusy belli karar bolmansoň, açyk bir işe girişip bilmedi.

Hakykatdan ýüz öwürmek

Döwrüň syýasy şertleri başgaça ýadygärlikleri talap edýärdi. Soňlugy bilen syýasy şertler G. Atabaýewi-de, onuň döwürdeşlerini-de unutmagy öňe sürdi.

Taryhy hakykat diklense ýagşy. Aşgabatdaky sansyz köp ýadygärlikleriň arasynda täze döwleti esaslandyran şahyslaryň hem şekili bolsa, hakykatyň dabaralanmagyna ýardam ederdi.

-- Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG